Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 0:51

[1] Rebbe şan-şöhrat bolsun! Ony mukaddes öýünde şöhratlandyryň, Ony kuwwatly göklerinde şöhratlandyryň!

[2] Ony gudratly işleri üçin şöhratlandyryň, Onuň ajaýyp belentligine laýyk şöhratlandyryň!

[3] Ony surnaýlaryň sesi bilen şöhratlandyryň, arfada we lirada şöhratlandyryň!

[4] Deprek kakyp, tans edip, şöhratlandyryň, kirişli gural, tüýdük çalyp, şöhratlandyryň!

[5] Ony owazly kimwallar bilen şöhratlandyryň, Ony belent owazly kimwallar bilen şöhratlandyryň!

[6] Burnunda dirilik nepesi bolanlaryň bary, Rebbi şöhratlandyrsyn! Rebbe şan-şöhrat bolsun!

Zebur — Chapters