Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 1:30

[1] Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.

[2] Ýa Reb! Patyşa Seniň kuwwatyňa şatlanýar, halas edendigiňe biçak begenýär.

[3] Ýürek arzuwlaryny Sen oňa berdiň; diliniň dilegini Sen ret etmediň.

[4] Bol bereketleriň bilen Sen garşy aldyň, başyna sap altyndan jyga geýdirdiň.

[5] Ol Senden ömür diledi, Sen oňa berdiň ebedilik, müdimilik bir ýaşy.

[6] Seniň ýeňşiň bilen beýik onuň şöhraty, Sen hormat bilen dabara beslediň ony.

[7] Sen oňa ebedi bereket berýäň, huzuryňdaky şatlyk bilen ony şat edýäň.

[8] Çünki Rebbe bil baglaýar patyşa, Beýik Hudaýyň sadyk söýgüsi arkaly ol sarsdyrylmaz.

[9] Seniň eliň tapar ähli duşmanlaryňy, Seniň goluň – Seni ýigrenýänleri.

[10] Seniň huzuryň peýda bolanda, olary edersiň otly tamdyr deý; Reb ýuwudar olary Öz gaharynda; ot hem ýalmap iýer olary.

[11] Ýer ýüzünden ýok edersiň nesillerini, ynsanlar arasyndan – zürýatlaryny.

[12] Saňa garşy erbet niýet edäýseler hem, dildüwşük guraýsalar hem – üstün çykmazlar.

[13] Çünki ýüzlerine peýkamlary çenemek bilen Sen olary yzlaryna öwrersiň.

[14] Ýa Reb, beýgel Sen Öz kuwwatyňda, biz Seniň güýjüň barada nagma aýdyp, alkyş aýdarys.

Zebur — Chapters