[1] Beýik Hudaýyň penasynda ýaşaýan ynsan Gudratygüýçliniň kölegesini mesgen ediner.
[2] Rebbe diýerin: «Meniň penam hem-de berkitmäm, meniň Hudaýym, özümiň bil baglaýanym».
[3] Ol halas eder seni awçyň torundan hem-de heläkleýji mergiden.
[4] Ol perleri bilen seni basyrar; ganatlarynyň astynda pena taparsyň, Onuň wepadarlygy galkan, sowutdyr.
[5] Gorkmarsyň gijäniň howp-hataryndan ýa-da gündiz uçýan peýkamdan,
[6] tümlükde assyrynlyk bilen gelýän mergiden ýa günortan çagy tozdurýan weýrançylykdan.
[7] Gapdalyňda müň adam, sagyňda on müň adam ýykylar, emma bu zatlar saňa ýanaşmaz.
[8] Sen gözleriň bilen ýöne gararsyň, erbetleriň jezalaryny görersiň.
[9] Çünki sen Rebbe: «Meniň penamsyň» diýip, Beýik Hudaýy özüňe mesgen edindiň.
[10] Şoňa görä ýamanlyk saňa asla ýanaşmaz, bela-beter çadyryňyň ýanyna gelmez.
[11] Seni ähli ýollaryňda goramak üçin, perişdelerine sen babatda Ol emr eder.
[12] Aýagyň daşa büdremez ýaly, olar seni ellerinde göterer.
[13] Arslany, ýylany sen depgilärsiň, ýolbarsy, alahöwreni sen basgylarsyň.
[14] Reb diýýär: «Meni söýýänleri halas ederin, adymy bilýänlere pena bolaryn.
[15] Meni çagyranlarynda jogap bererin. Muşakgatlarda olar bilen bolaryn, azat edip, şan-şöhrata beslärin.
[16] Olara uzak ömür bagyş ederin olara halas edişimi Men görkezerin».