[1] Ýa Reb, öç alýan Hudaý, nuruňy saç, eý, öç alýan Hudaý!
[2] Galk, eý, ýer ýüzüniň Kazysy, tekepbirlere päline görä ber jezasyny!
[3] Ýa Reb, erbetler haçana çenli, haçana çenli erbetler dabaralanar?
[4] Ulumsylyk saçýar olaryň agzy, öwünýär betkärleriň hemmesi.
[5] Ýa Reb, olar halkyňy ezýär, Seniň milletiňe ejir çekdirýär.
[6] Olar dul hatyny, gelmişegi öldürýär hem-de ýetimleriň ganyna galýar.
[7] Diýýärler: «Reb görmeýär. Ýakubyň Hudaýy dykgat bermeýär».
[8] Düşüniň, eý, halkyň kemakyllary, eý, akmaklar, haçan bolarkaňyz paýhasly?
[9] Gulagy ýaradan, heý, eşitmezmi? Göze şekil beren, heý-de, görmezmi?
[10] Milletleri toba getirýän, ynsanyýete bilim öwredýän jeza bermezmi?
[11] Reb bilýär ynsanlaryň pikirlerini hem-de bu pikirleriň panydygyny.
[12] Ýa Reb, Seniň terbiýeleýän ynsanyň, Öz kanunyňy öwredýän ynsanyň nähili bagtly!
[13] Sen erbetleriň gabry taýýar bolýança, bu ynsany muşakgatlyk döwründe aman galdyrýaň.
[14] Çünki Reb Öz halkyny taşlamaz, Ol saýlan halkyny asla terk etmez.
[15] Çünki adalat dogrulyga dolanar, ýüregi dogrular hem oňa eýerer.
[16] Meniň üçin erbetleriň garşysyna kim galar? Meniň üçin betkärlere kim garşy durar?
[17] Eger Reb kömekçim bolmadyk bolsa, janym gabryň ümsümligine eýýäm göçerdi.
[18] «Aýagym büdreýär» diýen mahalym, meni, ýa Reb, sadyk söýgiň goldady.
[19] Ýürek gaýgylarymyň artan mahaly, Seniň teselliň janyma rahatlyk berýär.
[20] Zulum kanunlaryny düzýän erbet hökümdarlar, eýsem Saňa ýaran bolup bilermi?
[21] Olar dogry ynsanyň janyna garşy dil birikdirýärler, bigünäni ölüme höküm edýärler.
[22] Emma Reb boldy meniň berkitmäm, Hudaýym – pena edinen gaýam.
[23] Ol olaryň ýamanlygyny özlerine gaýtarar, olary erbetlikleri üçin gyryp tükeder; Hudaýymyz Reb olary gyryp tükeder.