Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:31

[1] Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury Dymma, eý, senamyň Hudaýy!

[2] Çünki erbetler, hilegärler maňa garşy agzyny açyp, ýalançy dilleri bilen garşyma olar gepleýär.

[3] Olar ýigrenç sözleri bilen meni gurşaýar, sebäpsiz ýere meniň bilen uruşýar.

[4] Men olar üçin doga-dileg edýärin, olar bolsa söýgime derek meni ýazgarýar.

[5] Olar ýagşylygyma ýamanlyk edýär, söýgime derek meni ýigrenýär.

[6] Olar şeýle diýýär: «Goý, onuň garşysyna erbet adam çyksyn, garalawjy onuň sagynda dursun.

[7] Işine garalanda, aýyply çyksyn, onuň doga-dilegi günä saýylsyn.

[8] Onuň günleri sanlyja bolsun, başga onuň ornuny alsyn.

[9] Onuň çagalary, goý, ýetim bolsun, aýaly hem dul bolup galsyn.

[10] Çagalary entäp, goý, gedaý gezsin, harabalyklaryndan çykarylyp, çörek dilesin.

[11] Süýthor onuň bar zadyny garbasyn, agyr zähmetiniň rähnetini keseki görsün.

[12] Hiç kim oňa, goý, merhemet etmesin, ýetimlerine hiç kimiň haýpy gelmesin.

[13] Goý, onuň nesli kesilsin, geljekki nesilden onuň ady, goý, öçürilsin.

[14] Atalarynyň günäsi elmydama Rebbiň öňünde, goý, ýatlanylsyn, ejesiniň ýazygy öçürilmesin!

[15] Goý, günäleri elmydama Rebbiň öňünde bolsun, ýer ýüzünde ýatlanmaz ýaly, goý, Ol ony kesip taşlasyn.

[16] Çünki ol merhemet etmegi ýada salmady, gaýtam garyby, mätäji, ýüregi gamlyny öldürjek bolup, olary yzarlap gezdi.

[17] Ol gargyşy söýdi; goý, gargyşy öz başyndan insin, ol hiç kime ýagşylygy arzuwlamady, goý, oňa-da hiç kim ýagşylygy arzuw etmesin!

[18] Ol gargyşy don edip geýdi: goý, ol suw kimin siňsin onuň tenine, ýag kimin – onuň süýeklerine.

[19] Şoňa görä, goý, ol eşik kimin ony dolasyn, günde guşanýan guşagy bolsun».

[20] Goý, Rebbe meni ýamanlaýanlaryň, janyma garşy söz aýdýanlaryň aljak almyty şular deý bolsun.

[21] Emma Sen, eý, Hökmürowan Reb, meniň bähbidimi ara Öz adyň hatyrasyna Sadyk söýgiňiň ýagşydygy sebäpli, meni halas et.

[22] Çünki men garyp we mätäçdirin, ezýet çekýär meniň ýüregim.

[23] Agşam kölegesi dek ýitip gidýärin, olar meni çekirtge deý kakýarlar.

[24] Agyz beklemeden ýaňa dyzymyň kuwwaty gaçdy, göwräm ýagsyzlykdan ýaňa horlanyp galdy.

[25] Meni ýamanlaýanlara boldum bir gülki, meni görenlerinde ýaýkaýar olar başyny.

[26] Ýa Reb, Hudaýym, maňa kömek et, Öz sadyk söýgiň hatyrasyna meni halas et.

[27] Bilsinler bu işde Seniň eliň bardygyny, ýa Reb, muny Seniň edendigiňi.

[28] Goý, olar gargabersin, emma Sen ak pata berersiň! Olar baş galdyrýar, emma masgara bolar, Seniň bendäň bolsa şadyýan bolar.

[29] Meni ýazgarýanlar betnamlyga bürensin, goý, olar ryswalygyny don edip geýsin.

[30] Men Rebbe köp şükür etjek, uly jemagatda Ony şöhratlandyrjak.

[31] Çünki Ol mätäjiň sagynda durýar, ony ölüme höküm edýänleriň elinden halas eýleýär.

Zebur — Chapters