[1] Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Gititde. Dawudyň mezmury.
[2] Ýa Hökmürowan Rebbimiz! Adyň neneň belent tutuş ýeriň ýüzünde! Ýaýdyň şöhratyňy gökler üstünde.
[3] Sen Öz ýagylaryň sebäpli, duşmandyr öç alýany dymdyrmak üçin, çagalaryň, bäbekleriň alkyşlaryndan gala ýaratdyň.
[4] Seniň gökleriňe – barmaklaryň işine, Seniň goýan Aýdyr ýyldyzlaryňa nazar aýlanymda, şeýle diýýärin:
[5] «Adam näme Sen ony ýatlaryň ýaly? Ynsan ogly näme aladasyny ederiň ýaly?
[6] Ony perişdelerden biraz pesräk ýaratdyň, oňa şöhrat bilen hormat jygasyny geýdirdiň.
[7] Ony Öz elleriňiň işlerine hökümdar goýduň; ähli zady aýagynyň astynda goýduň:
[8] goýunlardyr öküzleriň baryny, şeýle-de çöl haýwanlaryny,
[9] gök guşlaryny, deňiz balyklaryny, deňiz içre ýüzýän bar jandarlary».
[10] Ýa Hökmürowan Rebbimiz! Adyň neneň belent tutuş ýeriň ýüzünde!