Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 1:18

[1] Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Edomly Döweg Şawula gelip, Dawut Ahymelegiň öýüne baryp ýetendigini habar berende, Dawudyň aýdan maskili.

[3] Näme üçin ýamanlyk bilen öwünýäň, eý, edermen? Hudaýyň sadyk söýgüsi hemişe meniň bilen!

[4] Seniň diliň düzýär weýrançylyklary, ol ýiti päki kimin işläp düzýär hiläni.

[5] Sen ýagşylykdan ýamanlygy halaýaň, hakykaty sözläniňden – ýalan aýtmagy.

[6] Eý, hileli dil, sen halaýaň ähli heläkleýji sözleri!

[7] Emma Hudaý seni baky heläklär, seni tutup, çadyryňdan çekip çykarar, ýaşaýyş topragyndan köküňi sograr. Sela

[8] Dogry adamlar muny görüp, gorkarlar, oňa gülüp, şeýle diýerler:

[9] «Ine, bu adam Hudaýy özüne pena etmedi, öz baýlygynyň köplügine baglady bili; ol öz baýlygyndan pena gözledi».

[10] Men bolsa Hudaýyň öýündäki gök öwüsýän zeýtun agajy ýaly; Hudaýyň sadyk söýgüsine ebedi we baky baglaýan bili.

[11] Edenleriň üçin Saňa baky şükür ederin; Saňa sadyk bolanlaryň jemagatynda Seniň ýagşy adyňa umyt baglaryn.

Zebur — Chapters