[1] Saz ýolbaşçysyna. Koranyň nesilleriniň maskili.
[2] Keýigiň akar suwlary küýseýşi kimin, eý, Hudaý, janym Seni küýseýär!
[3] Hudaýa, diri Hudaýa teşnedir janym, haçan görerkäm men Hudaýyň ýüzün?
[4] Diýenlerinde dyngysyz: «Hany Hudaýyň?» gözýaşlarym ýeke-täk azygym boldy.
[5] Men ýörärdim jemagat bilen, baýram edýän halky äkiderdim Hudaý öýüne; olar şatlanyp, nagma aýdardy. Şu zatlary ýatlan wagtymda küýsemeden para-para bolýar ýüregim.
[6] Eý, janym, sen näme üçin gamlanýaň? Näme üçin sen içimde yňranýaň? Umydyňy Hudaýa bagla, men ýene Oňa – Halasgärime we Hudaýyma öwgi aýdaryn.
[7] Eý, Hudaýym, içimde janym gamlanýar, munuň üçin Iordan topragynda, Hermon hem-de Mizar dagynda Seni ýatlaýan.
[8] Çuňluk çuňluga gygyrýar, şaglawuklaryňyň owazy bilen. Seniň ähli tolkunlaryň, silleriň kimin muşakgatlar meniň başymdan geçdi.
[9] Reb gündiz sadyk söýgüsini görkezýär, gijelerine men Oňa nagma aýdýaryn – ömrümiň Hudaýyna doga edýärin,
[10] Gaýam bolan Hudaýyma şeýle diýýärin: «Näme üçin meni unutdyň? Duşman meni gysan wagtynda näme üçin gam-gussaly gezmeli?»
[11] Duşmanlarym günde: «Hudaýyň nirede?» diýýär, kemsitme arkaly süňklerimi kül-owram edýär.
[12] Eý, janym, sen näme üçin gamlanýaň? Näme üçin sen içimde yňranýaň? Umydyňy Hudaýa bagla, men ýene Oňa – Halasgärime we Hudaýyma öwgi aýdaryn.