Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 1:02

[1] Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz guralynda. Dawudyň mezmury.

[2] Eý, Hudaý, eşit dat-perýadymy hem-de diňle meniň dogamy.

[3] Meniň kalbym gam laýyna batanda, Seni çagyrýaryn ýeriň ujundan; çykyp bilmejek gaýama Sen meni çykar.

[4] Çünki Sen meniň penamsyň, duşmana garşy mäkäm galamsyň.

[5] Men çadyryňda baky mesgen tutaýyn, ganatlaryňyň astynda pena tapaýyn. Sela

[6] Sen, eý, Hudaý, eden kasamlarymy eşitdiň, Öz adyňdan gorkýanlar üçin niýetlenen mirasy Sen maňa berdiň.

[7] Şa ömrüniň günlerine günler goş, günlerini uzalt nesilden-nesle!

[8] Goý, ol Hudaýyň huzurynda tagtda baky otursyn, söýgi bilen wepadarlyk ber, goý, olar ony gorasyn!

[9] Kasamlarymy günde berjaý ederin, Seniň adyňa elmydama nagma aýdaryn.

Zebur — Chapters