Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:46

[1] Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Daňdan peýda bolýan sugunyna». Dawudyň mezmury.

[2] Hudaýym, Hudaýym, näme üçin meni terk etdiň? Näme üçin halas ederden, perýadymy eşiderden uzakdasyň Sen?

[3] Hudaýym, gündizine çagyrýan, ýöne jogap bermeýäň, gijesine – emma rahatlygy tapmaýan.

[4] Ýöne welin mukaddessiň Sen! Ysraýyl alkyşlarynyň üstünde tagt guransyň Sen.

[5] Saňa bil bagladylar atalarymyz; ynandylar, Sen hem halas etdiň olary.

[6] Olar Saňa perýat edip, halas boldular; Saňa bil bagladylar, baglan umydynda aldanmadylar.

[7] Men bolsa bir gurçuk, ynsan däldirin: ynsanlaryň ýüzügarasy, halkyň kemsidýäni.

[8] Meni görýänleriň bary üstümden gülýär, başlaryny ýaýkaýar hem ýaňsylaýar:

[9] «Rebbe tabşyrypdy özüni; goý, Ol ony halas eýlesin, ony azat etsin, çünki Reb ondan köp razy!»

[10] Emma Sensiň ýatgydan meni çykaran, enem gujagyndakam maňa rahatlyk beren.

[11] Dünýä inäýemde Saňa atyldym, Sen – Hudaýym enem göwresinden çykalym bäri.

[12] Menden daşlaşma Sen, çünki muşakgat ýakyn, kömekçi-de ýok.

[13] Birentek öküzler meni gurşady, güýçli Başan öküzleri meni gabady;

[14] olar maňa açýarlar agyzlaryny parçalaýjy, arlaýjy bir arslan ýaly.

[15] Men suw kimin döküldim, bogun-bogun söküldi ähli süňklerim, mum kimin meniň ýüregim gursagymda pagyş-para eredi.

[16] Güýjüm küýzäniň döwügi dek gurady, dilim-de kentlewügime ýapyşdy, çünki ölüm topragynda Sen meni goýduň.

[17] Itler meniň daşymy aldy, betkärler topary meni gurşady, el-aýaklarymy parran deşdiler.

[18] Ähli süňklerimi sanaýmalydyr, olar maňa seredip, tomaşa edýär.

[19] Özara paýlaşýarlar geýimlerimi, eginbaşym üçin bije atýarlar.

[20] Emma Sen, ýa Reb, uzakda bolma, eý, güýjüm, ýetiş meniň dadyma.

[21] Gylyçdan halas et meniň janymy, itiň penjesinden – meniň ömrümi.

[22] Meni ýabany öküzden Sen halas etdiň, gutar meni arslanlaryň agzyndan.

[23] Seniň adyňy doganlaryma yglan ederin, jemagatyň ortasynda Saňa şöhrat aýdaryn.

[24] Eý, Rebden gorkýanlar, Ony alkyşlaň! Eý, Ýakubyň ähli zürýady, Ony şöhratlandyryň! Eý, Ysraýylyň bar neberesi, Onuň öňünde galpyldaň!

[25] Çünki Ol görgüliniň görgüsine biparh bolmady, ony ýigrenç saýmady, Öz ýüzüni ondan kese sowmady, gaýtam Oňa perýat edende, ony eşitdi.

[26] Uly jemagatda Saňa bolar meniň alkyşym; Rebden gorkýanlaryň öňünde berjaý ederin öz kasamlarym.

[27] Görgüliler gerk-gäbe iýip doýarlar, Rebbi agtarýanlar Ony şöhratlandyrsyn! Ýüregiňiz elmydama şat bolsun!

[28] Ýeriň ähli uçlary Rebbi ýada salyp, Oňa öwrüler, halklaryň ähli uruglary Oňa sežde ederler.

[29] Çünki patyşalyk Rebbiňki, Ol milletleriň üstünden sürýär hökümi.

[30] Oňa sežde eder dünýäniň ähli tekepbirleri, ölüm ýassygynda ýatanlaryň ählisi, janyny diri saklap bilmedikler-de, Onuň öňünde tagzym ederler.

[31] -

[32] Zürýatlary Oňa gulluk ederler, Taňrynyň adyny geljek nesle yglan ederler, «Taňry muny berjaý etdi» diýip, Onuň halas ediş hakykatyny indi doguljaklara yglan ederler.

Zebur — Chapters