[1] Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna, soprana derejesinde. Koranyň nesilleriniň nagmasy.
[2] Hudaý biziň penamyz hem-de güýjümiz, Ol muşakgat wagty dadymyza ýetişýär.
[3] Şonuň üçin gorkmarys ýer yransa-da, daglar deňziň bagryna yňdarylsa-da,
[4] olaryň suwlary güwläp, joşsa-da, zarbyndan ýaňa daglar sarssa-da. Sela
[5] Bir derýa bar, onuň akymlary şat edýär Hudaýyň şäherini – Beýik Hudaýyň mukaddes mesgenini.
[6] Hudaý bu şäheriň ortarasynda, ol sarsdyrylmaz, Hudaý oňa kömek eder säher çagyndan.
[7] Milletler arlaýar, şalyklar-da yranýar, Ol gygyrýar – şonda dünýä ereýär.
[8] Hökmürowan Reb biziň bilendir, Ýakubyň Hudaýy berkitmämizdir.
[9] Geliň, görüň Rebbiň edenlerini, ýer ýüzüne getiren weýranlygyny.
[10] Ol ýeriň ujuna çenli uruşlary togtadýar, ýaýlary kül-owram edýär, naýzalary ikä bölüp taşlaýar, galkanlary ot-ýalynda ýandyrýar.
[11] Reb şeýle diýýär: «Saklanyň, biliň: Hudaý Mendirin! Milletler arasynda beýgeldilerin tutuş ýer ýüzünde beýgeldilerin».
[12] Hökmürowan Reb biziň bilendir, Ýakubyň Hudaýy berkitmämizdir. Sela