Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 0:50

[1] Muşakgatly wagtym çagyrdym Rebbi, Ol hem maňa berdi jogaby.

[2] Ýa Reb, ýalançy agyzdan, hileli dilden halas et meni.

[3] Eý, hileli dil, saňa gör-bak näme ediler! Onuň üstesine näme goşular?

[4] Edermeniň ýiti oklary, ojaryň ýandyryjy közleri!

[5] Dat-bidat meniň halyma! Çünki Meşekde sergezdan boldum, Kedar çadyrlarynda mesgen tutmaly boldum;

[6] dawa-jenjel agtarýan halkyň içinde, uzak wagtlap mesgen tutmaly boldum.

[7] Parahatlygyň tarapdary men, emma agzymy açan badyma, olar eýýäm uruş-jenjele taýýar.

Zebur — Chapters