Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 0:58

[1] Maňa «Rebbiň öýüne gideli» diýenlerinde begendim.

[2] Eý, Iýerusalim! derwezeleriňden ätledi gadamlarymyz!

[3] Iýerusalim bitewi bir şäher dek bina edilen.

[4] Ysraýyla berlen kanuna görä, tireler, Reb tireleri ol ýere Rebbe şükürler etmäge gidýär.

[5] Ol ýerde kazylyk tagty – Dawut öýüniň tagty bina edilen.

[6] «Seni söýýänler aman ýaşasyn! Diwarlaryňyň içinde parahatçylyk bolsun, gala diňlerinde howpsuzlyk bolsun!» diýip, Iýerusalimiň parahatlygy üçin doga-dilegler ediň.

[8] Doganlarym bilen ýakynlarymyň hatyrasyna, «Sende rahatlyk bolsun!» diýýärin.

[9] Hudaýymyň Rebbiň öýüniň hatyrasyna seniň amanlygyň üçin doga edýärin.

Zebur — Chapters