Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 2:17

[1] Dawudyň Rebbe aýdan şigaýony. Benýamin tiresinden bolan Kuşuň sözlerine degişli.

[2] Ýa Beýik Hudaýym! Seni pena edinýärin men, meni yzarlaýanlaryň baryndan halas et, gutar.

[3] Ýogsam hiç kim ýokka meni halas edere, olar şir dek meni parçalaýmasyn.

[4] Ýa Reb, Hudaýym, eger şulary men eden bolsam: eger ellerimde haksyzlyk bolsa,

[5] eger özüm bilen asudalykda ýaşana ýamanlyk edäýen bolsam, duşmanymy sebäpsiz ýere men talan bolsam,

[6] onda, goý, yzarlaýanlar yzymdan ýetsin, depgiläp, janymy ýere gaplasyn hem-de hormatymy aýak astyna salsyn. Sela

[7] Ýa Reb, galk Sen Öz gazabyňda, garşy çyk Sen duşman dergazabyna; eý, Hudaýym, oýan-da, jar et Öz hökümiňi.

[8] Halklar jemagaty gurşasyn töweregiňi, göklerden ýöret olara Sen hökümiňi.

[9] Reb halklara höküm çykarýar; ýa Reb, dogrulygym bilen päkligime görä, Sen meni akla.

[10] Erbet adamlaryň ýamanlygy soňlansyn, berkarar et Sen dogry ynsany, çünki Sen, ýa hak Hudaý, köňüldir ýürekleri barlaýarsyň ahyryn.

[11] Hudaýdadyr meniň galkanym, Ol dogry ýüreklini halas edýändir.

[12] Hudaý adyl Kazydyr, haksyzlygy günde höküm edýändir.

[13] Eger kimdir biri toba etmese, Hudaý Öz gylyjyny ýitelder; ýaýynyň kirşini çekip, ony çenändir.

[14] Ol öwrüp peýkamlaryny lowlaýan oda, oňa ölüm ýaraglaryny taýynlap goýýar.

[15] Ine, erbet adamyň haksyzlykdan hamyla bolup, göwresinde ýamanlygy göterip, ýalany dünýä indirişini gör!

[16] Ol gazýar bir çukur, ony çuňaldýar, gazan çukuryna-da onuň özi düşýär.

[17] Öz ýamanlygy inýär onuň başyna, zalymlygy inýär öz depesine.

[18] Rebbe Onuň haklygynda şükür edýärin, şatlanyp, Beýik Hudaýa nagma aýdýaryn.

Zebur — Chapters