[1] Nagma. Asafyň mezmury.
[2] Eý, Hudaý, dymma, eý, Hudaý, ümsüm, biperwaý bolma.
[3] Seret, duşmanlaryň pitne turuzýar, Seni ýigrenýänler başlaryny galdyrýar.
[4] Seniň halkyňa garşy erbet niýet edinýär, Seniň goraýanlaryňa garşy dil birikdirýär.
[5] Diýýärler: «Geliň, ýok edeli, goý, olar millet bolmasyn, mundan beýläk Ysraýylyň ady, goý, agzalmasyn».
[6] Olar bir çukura tüýkürip, dil birikdirýär hem-de Saňa garşy äht baglaşýar:
[7] edomlar we ysmaýyllar, mowaplar we hagarlar,
[8] Gebal, Ammon hem-de Amalek, Pilişt hem-de Suruň ilaty,
[9] Aşur-da goşuldy, olar Lut ogullaryny goldady. Sela
[10] Sen Midýana hem-de Kişon çaýynda Sisera bilen Ýabyna edenleriňi olaryň başyndan inder.
[11] Olar Endorda heläk edildi, olar topragyň dökünine öwrüldi.
[12] Orep we Zeýep ýaly et serdarlaryny, Zebah we Salmunna dek – ähli serkerdesini.
[13] Olar: «Geliň, Hudaýyň örülerini özümize mülk edineli» diýdiler.
[14] Eý, Hudaýym, tüweleýdäki tozana, ýel öňündäki harpyga öwür olary.
[15] Oduň tokaýy köýdürşi kimin, ýalnyň daglary otlaýşy kimin,
[16] harasadyň bilen kowala Sen olary, apy-tupanyň bilen gorkuz olary.
[17] Utanja gapla olaň ýüzüni, ýa Reb, şonda olar agtarar Seniň adyňy.
[18] Baky ryswa bolup, goý, dowla düşsün, utanç içinde ýok bolup gitsin.
[19] Goý, olar bilsin: Reb – diňe Sensiň, tutuş ýeriň Beýik Hudaýysyň!