Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 0:55

[1] Rebbe şan-şöhrat bolsun! Eý, Rebbe hyzmat edýänler, şöhratlandyryň, Rebbiň adyna şan-şöhrat bolsun!

[2] Şindiden ebedä çenli Rebbiň ady alkyşly bolsun!

[3] Günüň dogýan ýerinden batýan ýerine çenli, Rebbiň adyna şan-şöhrat bolsun!

[4] Reb ähli milletlerden belentde, Onuň şan-şöhraty gökler üstünde.

[5] Eýsem Hudaýymyz Reb kimin barmy? Ol göklerde oturan bolsa-da,

[6] eglip, göge, ýere nazar aýlaýar.

[7] Ol garyplary ýerden galdyrýar, mätäçleri kül içinden çykarýar,

[8] olary şazadalaryň ýanynda, Öz halkynyň şazadalary bilen oturdýar.

[9] Önelgesiz aýalyň öýüni dikýär, ony çagalaryna guwandyryp, bagtyýar edýär. Rebbe şan-şöhrat bolsun!

Zebur — Chapters