Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 4:38

[1] Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury. Nagma.

[2] Hudaý galkar, duşmanlary dargadar, Ony ýigrenýänler öňünden gaçar.

[3] Sen olary dagadarsyň tüssäniň dagaýşy kimin, mumuň otda ereýşi kimin. Hudaýyň öňünden erbetler ýok bolar.

[4] Dogry adamlar bolsa şadyýan bolar, Hudaýyň öňünde şatlykdan joşup gygyrar, begençden ýaňa heşelle kakar.

[5] Siz Hudaýa nagmalar aýdyň, Onuň adyna öwgüler aýdyň. Bulutlara atlanyp Barýany arşa çykaryň, Onuň ady – Reb. Onuň öňünde heşelle kakyň.

[6] Mukaddes mesgeninde ýaşaýan Hudaý – ýetimleriň atasy, dul hatynlaryň hossary.

[7] Hudaý ýalňyzlary öýli-işikli edýär, tussaglary azatlyga çykarýar; pitneçiler bolsa jöwzaly ýerde ýaşaýar.

[8] Eý, Hudaý, Sen halkyňa öňbaşçylyk edeňde, çöl-beýewanda gadam uraňda,

[9] Hudaýyň, Sinaýdakynyň öňünde – Ysraýyl Hudaýynyň öňünde zemin titräp, göklerden ýagyş guýuldy.

[10] Eý, Hudaý, Sen bolelin ýagyş ýagdyrdyň, saýlan topragyň tapdan düşende, oňa güýç berdiň.

[11] Seniň halkyň şol toprakda ýaşady. Eý, Hudaý, Öz ýagşylygyň sebäpli Sen ony mätäçlere taýynlap goýduň.

[12] Taňry buýruk berýär; ony jar edýän aýallar – ägirt bir goşun.

[13] Olar şeýle diýýär: «Goşunlaryň şalary gaçýar, ökje göterýär!» Öýde galan aýallar bolsa olja paýlaşýar.

[14] Olar ganatlary kümşe, ýelekleri sap altyna gaplanan kepderä meňzär. Eý, erkekler, jeň-söweş güni näme üçin ýatyrsyňyz agylda?

[15] Gudratygüýçli Salmon dagynda duşman şalary garly harasat kimin dargatdy.

[16] Eý, Başan dagy, Hudaýyň dagy, çür başlary köp bolan, eý, Başan dagy!

[17] Eý, çür başlary köp bolan daglar! Hudaýyň Öz mesgeni edip saýlan dagyna, ebedi mesgen tutjak dagyna neçün göriplik bilen seredýärsiňiz?

[18] Hudaýyň söweş arabalary sanardan köpdür, olaryň sany müňlerçe müňler. Taňry olaryň arasyndadyr, Ol Sinaý dagyndan mukaddes öýüne geldi.

[19] Sen ýokary belentlige çykanyňda, ýesirleri Öz yzyňa düşürdiň. Ynsanlardan, hatda bitabynlardan Sen, ýa Beýik Hudaý, paç-hyraç aldyň; Sen indi biziň aramyzda ýaşarsyň.

[20] Taňra alkyş bolsun! Ol her günki ýükümizi göterýär. Hudaý bizi halas eýleýär. Sela

[21] Hudaýymyz – halas eýleýän Hudaý, Hökmürowan Reb – ölümden gutaryp bilýär.

[22] Emma Hudaý duşmanlarynyň kellelerini, günäden el çekmeýänleriň uzyn saçly başlaryny kül-owram eder.

[23] -

[24] Taňry şeýle diýdi: «Aýagyňy duşman ganyna batyrar ýaly, itleriň-de ondan öz paýyny ýalary ýaly, olary Başandan yzyna dolap, deňiz çuňlugyndan alyp çykaryn».

[25] Eý, Hudaý, Seniň ýörişiň – Hudaýym – Patyşamyň mukaddes öýüne gelşi görünýär:

[26] öňden bagşylar, sazandalar – olaň yzyndan, deprek çalýan gyzlar aralarynda:

[27] Olar şeýle diýýär: «Eý, siz, Ysraýylyň bilinden önenler! Uly jemagatda Rebbe alkyşlar aýdyň».

[28] Öňden iň kiçileri bolan Benýamin barýar, mähellede Ýahudanyň şazadalary bar, Zebulun we Naftaly şazadalary bar,

[29] Hudaý öňden belläpdi güýç-kuwwatyňy, eý, Hudaý, biziň üçin edenleriňi Sen berkit!

[30] Iýerusalimdäki ybadathananyň hatyrasyna milletleriň şalary Saňa sowgat getirýär.

[31] Bu duşman milletlere temmi ber, olar gamyşlykdaky ýekegapanlar ýaly, sygyrlara aralaşan öküzler ýaly. Boýun egdir milletleri, goý, olar bize salgyt tölesin; uruşdan lezzet tapýan halklary dargat!

[32] Müsürden bürünçden ýasalan zatlar, goý, getirilsin, Hudaýa sowgat getirmek üçin Efiop ýurdy, goý, alňasasyn.

[33] -

[34] Eý, ýer ýüzündäki şalyklar! Hudaýa nagmalar aýdyň, Taňra, ezelden bar bolan göge Münýäne, alkyşlar aýdyň. Diňläň, ine, Ol sesi, gudratly sesi bilen seslenýär.

[35] Ykrar ediň: güýç Hudaýyňkydyr, Onuň belentligi Ysraýylyň üstündedir, Onuň gudraty gökler üstündedir!

[36] Hudaý Öz mukaddes öýünde wehimlidir. Ysraýyl Hudaýy Öz halkyna güýç-kuwwat berýär. Alkyş bolsun, alkyş bolsun Hudaýa!

Zebur — Chapters