[1] Ezra neslinden bolan Eýtanyň maskili
[2] Ýa Reb, elmydama Seniň söýgiňe nagma aýdaryn, dilim wepadarlygyňy beýan eder nesilden-nesle.
[3] Diýdim: «Seniň söýgiň baky berkarar, wepadarlygyň gökler deý mäkäm».
[4] Diýdiň: «Saýlanym bilen Men äht baglaşdym. Öz gulum Dawuda Men kasam etdim:
[5] „Ebedi berkarar ederin seniň nesliňi, nesillerboýy bina ederin seniň tagtyňy“». Sela
[6] Ýa Reb, gökler öwgi aýtsyn gudratlaryňa, mukaddesler mejlisinde – wepadarlygyňa.
[7] Çünki göklerde Rebbe taý geljek barmy? Ylahy barlyklaryň arasynda Reb deýin barmy?
[8] Hudaý mukaddesler maslahatynda örän haýbatly, töweregindäkileriniň hemmesinden wehimli.
[9] Ýa Hökmürowan Beýik Hudaý! Sen dek, ýa Reb, kuwwatly barmy? Wepadarlygyň gurşaýar Seni.
[10] Guduzlan deňze ýöredýäň Öz hökümiňi, tolkunlary möwjände, köşeşdirýäň olary.
[11] Sen maslyk kimin mynjyratdyň Rahaby, güýçli goluň bilen pytratdyň ýagylaryňy.
[12] Gökler Seniňki, Ýer-de Seniňki, Sen berkarar etdiň älemi, ondaky ähli zatlary.
[13] Sen ýaratdyň demirgazygy we günortany, Tabor, Hermon şatlykly taryplaýar Seniň adyňy.
[14] Bardyr Seniň kuwwatly goluň, Seniň eliň güýçli, goluň belentdir.
[15] Seniň tagtyň düýbi – dogrulyk hem-de adyllyk, öňüňden ýöreýär – söýgi hem wepalylyk.
[16] Şatlyk şowhunyny bilýän halk nähili bagtly! Ýa Reb, olar Seniň ýüzüňiň nurunda gezýär!
[17] Uzakly gün Seni arşa çykarýar, dogrulygyň arkaly olar beýgelýär.
[18] Çünki güýçleriniň şöhraty – Sensiň, hoşamaýlygyň bilen beýgelýär biziň güýjümiz.
[19] Biziň galkanymyz – Rebbiňki, şamyzy Ysraýylyň Mukaddesi belledi.
[20] Sen birwagtlar aýanlykda Öz sadyklaryňa şeýle diýipdiň: «Men edermene kömek berdim, Men halkyň içinden ony saýladym.
[21] Men Öz gulum Dawudy tapdym, başyna mukaddes ýagymy çalyp, ony saýladym.
[22] Elim elmydama ony söýgetlär, golum hem ony kuwwatlandyrar.
[23] Duşman ony aldawa salmaz, erbet adam oňa hiç sütem etmez.
[24] Duşmanlaryny öňünde weýran ederin, ony ýigrenýänleri gyryp taşlaryn.
[25] Onuň bilen bolar söýgim, wepadarlygym, Meniň adym bilen onuň güýji beýgeler.
[26] Onuň elini goýaryn deňziň üstünde, Onuň goluny – derýalaryň üstünde.
[27] Ol batly gygyryp diýer: „Sen – meniň Atam Hudaýym, gutulyş Gaýam!“
[28] Men nowbaharlygy oňa bererin, ony dünýä şalarynyň iň beýigi ederin.
[29] Öz sadyk söýgimi onuň üçin baky saklaryn, onuň bilen eden ähtime sadyk galaryn.
[30] Men baky berkarar ederin onuň neslini, gökleriň günleri deý – onuň tagtyny.
[31] Eger ogullary Meniň parzlarymdan ýüz öwürseler, adalatly hökümlerime görä ýöremeseler,
[32] Meniň parzlarymy saklamasalar, tabşyryklarymy berjaý etmeseler,
[33] taýak bilen jezalandyraryn etmişlerini, gamçy bilen – olaryň günälerini.
[34] Emma Dawutdan aýyrmaryn söýgimi, Men wepadarlygyma galplyk etmerin.
[35] Men Öz eden ähtimi bozmaryn, agzymdan çykan sözden dänmerin.
[36] Bir gezek Öz mukaddesligimden ant içdim, Dawuda ýalan sözlemerin Men.
[37] „Onuň nesli dowam eder ebedi, Meniň gaşymda onuň tagty – Gün ýaly.
[38] Gökde sadyk şaýatlyk bolan, baky berkarar edilen Aý ýaly bolar“». Sela
[39] Emma Sen ony taşladyň, kabul etmediň, Öz seçip-saýlanyňa Sen gaharlandyň.
[40] Öz guluň bilen eden ähtiňden dändiň, onuň jygasyny tozana gardyň.
[41] Onuň ähli diwarlaryny ýumurdyň, berkitmelerini wes-weýran etdiň.
[42] Ötegçileriň ählisi ony talaýar, gülki boldy ol goňşularyna.
[43] Ýagylaryny ondan üstün çykartdyň, onuň duşmanlaryny Sen begendirdiň.
[44] Onuň gylyjynyň tygyny yza öwürdiň, Sen ony söweşde hiç goldamadyň.
[45] Şan-şöhratynyň soňuna çykdyň, onuň tagtyny ýere pylçadyň.
[46] Ýaşlyk günlerini Sen gysga etdiň, ony utanja goýduň. Sela
[47] Ýa Reb, ýüzüňi gizlejek haçana çenli? Sen Özüňi gizlejekmi ebedi? Haçana çenli gazabyň ýandyrar ot-alaw ýaly?
[48] Sen ýadyňa sal ömrümiň gysgadygyny. Haýsy panylyk üçin ýaratdyň bar ynsan ogullaryny?
[49] Heý-de ýaşap, ölüm ýüzüni görmeýän barmy? Ölüler dünýäsiniň penjesinden gutulan barmy? Sela
[50] Ýa Taňry, Seniň öňki söýgiň nirede? Sen wepadarlygyňda äht etdiň-ä Dawuda!
[51] Ýa Taňry, ýatla bendeleriňiň ryswalygyny, köp halklaryň sögünjini gursagymda göterişimi,
[52] Ýa Reb, Seniň ýagylaryňyň ýaňsylaýşyny, seçip-saýlanyňyň her ädimini ýaňsylaýşyny.
[53] Reb alkyşa mynasyp asyrlarboýy! Omyn! Omyn!