[1] Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Mut labende. Dawudyň mezmury. Alef
[2] Men bütin ýüregim bilen Rebbe şükür ederin; Seniň ähli gudratly işleriňi aýdyp bererin.
[3] Sende begenerin, joşa gelerin, adyňy taryplap, nagma aýdaryn, ýa Beýik Hudaý! Bet
[4] Meniň duşmanlarym yzlaryna dönende, büdräp, ýok bolýarlar Seniň öňüňde.
[5] Çünki Sen adalatly alyp bardyň dawamy, Sen tagtda oturyp, çykardyň dogry karary. Gimel
[6] Milletleri ýazgardyň, heläk etdiň erbetleri, ebedilik we baky öçürdiň olaryň atlaryny.
[7] Müdimilik weýrançylykda ýok boldy duşman, şäherlerini ýok etdiň düýp-teýkaryndan, olary ýatlamadan galmady nyşan. (Dalet (He
[8] Ýöne Reb baky höküm sürýändir; Ol adalatly höküm çykarmak üçin, Öz tagtyny berkarar etdi.
[9] Ol dogrulyk bilen dünýä kazylyk edýär, halklara ýüz görmezden höküm çykarýar. Waw
[10] Reb berkitme bolar ezilýänlere, berkitme bolar muşakgatlyk wagtynda.
[11] Adyňy bilýänler Saňa bil baglar, çünki, ýa Reb, Sen Özüňi agtarýanlary terk eden dälsiň. Zaýin
[12] Sionda mesgen tutan Rebbe nagmalar aýdyň, halklaryň arasynda eden işlerini jar ediň.
[13] Çünki Ol dökülen ganlaryň hununy alýar, olary Öz hakydasynda saklaýar; ejir çekýänleriň perýadyny Ol unutmaýar. Ḥet
[14] -
[15] Ýa Reb, maňa merhemet eýle, gör meni ýigrenýänlerden çekýän derdimi; Saňa ähli alkyşlarymy jar ederim ýaly, Sensiň ölüm derwezelerinden meni halas eýleýän. Sion gyzynyň derwezelerinde Seniň halas edişiňe men şatlanaýyn. Ṭet
[16] Milletler gazan çukuryna özleri gaçdy, gizläp guran toruna öz aýaklary çolaşdy.
[17] Çykaran höküminde Reb Özüni tanatdy – erbetleriň sapalagyna özlerini düşürdi. Higaýon . Sela Ýod
[18] Ölüler dünýäsine düşer erbetler we Hudaýy unudan ähli milletler. Kaf
[19] Çünki mätäç hemişelik unudyljak däl, garybyň umydy hem baky ýitjek däl.
[20] Galk Sen, ýa Reb, ynsan üstün çykmasyn, milletlere höküm çykarylsyn Seniň öňüňde.
[21] Ýa Reb, gorka gapla milletleriň kalbyny, bilsin olar, özleriniň diňe ynsandyklaryny. Sela Lamed
[22] Ýa Reb, näme üçin uzakda durýaň? Näme üçin muşakgatlyk wagty gizlenýäň?
[23] Erbetler öz tekepbirliginde yzarlaýar garyby; goý, guran hilelerine düşsün olaryň özi. Nun
[24] Çünki erbetler göwün höweslerine magtanýar, açgözi alkyşlap, Saňa biparh garaýar.
[25] Tekepbirliklerinde Seni agtarmaz olar, pikirleriniň barynda «Hudaý ýok» diýýär.
[26] Elmydama üstünlikli bolýar olaryň ýoly, (Mem) göz ýetirerlerinden Seniň hökümleriň ýokary. Olar ähli duşmanlarynyň üstünden gülýär.
[27] Ýüreginde diýýärler: «Bizi hiç zat sarsdyrmaz, nesillerden-nesle ýüzümiz ýamanlyk görmez». Pe
[28] Olaryň agzy gargyşdan, aldawdan, zulumdan doly, dilleriniň astynda zyýan, etmiş bar. Ğaýin
[29] Obalaryň ýanynda bukuda olar oturýar, bigünäni gizlin ýerde öldürýär; göz astyna alyp, ejizi olar aňtaýar;
[30] şiriň sürende bukulyşy kimin gizlenýär, garyby garbamaga buky ýerde garaşýar; duzak gurup, garyby torlaryna düşürýär.
[31] Olar egilýär we ýapyrylýar, ejiz-de olaryň goluna düşýär.
[32] Olar ýüreginde şeýle oýlaýar: «Hudaý edenlerimizi unutdy, ýüzüni sowdy, Ol asla görmeýär muny». Ķof
[33] Galk Sen, ýa Reb! Eý, Hudaý, galdyr eliňi, ýadyňdan çykarma Sen ejizleri.
[34] Näme üçin erbetler Hudaýy ret edýär? ýüreginde: «Sen hasap soramarsyň» diýýär? Reş
[35] Emma salýarsyň-a Sen nazary! Öz eliň bilen jezalaryny bereriň ýaly, dogrudan hem görýäň azap bilen külpeti. Saňa tabşyrýandyr ejiz özüni; ýetimiň hossary Sensiň. Şinׁ
[36] Erbet bilen betkäriň döw Sen goluny, erbetlikleri soňlanýança, jezalandyr olary.
[37] Reb ebedi hem-de baky Patyşa, Onuň ýurdundan ýiter milletler. Taw
[38] -
[39] Ýa Reb! Pespälleriň islegini eşidersiň, olaryň ýüreklerine kuwwat berersiň, ýetim bilen ejiziň hakyny almaklyk üçin gulak goýarsyň; asly toprakdan bolan ynsandan mundan beýläk hiç kim, goý, eýmenmesin.