[1] Rebbe şan-şöhrat bolsun! Eý, Rebbe hyzmat edýänler, Rebbiň adyny şöhratlandyryň! Eý, Rebbiň öýünde, Hudaýymyzyň öýüniň howlusynda hyzmat edýänler, Rebbi şöhratlandyryň!
[3] Rebbe şan-şöhrat bolsun! Çünki Reb ýagşy. Onuň adyna nagmalar aýdyň, çünki bu örän lezzetli.
[4] Çünki Reb Özi üçin Ýakup neslini, Öz genji hökmünde Ysraýyly seçip-saýlady.
[5] Men bilýärin Rebbiň beýikdigini, Taňrymyzyň ähli taňrylardan üstündigini.
[6] Göklerde, ýeriň ýüzünde, deňizlerde, bar çuňluklarda Reb Öz göwnüniň islän zadyny edýär.
[7] Ol ýeriň uçlaryndan bulutlary turuzýar, ýagyş üçin ýyldyrymlar çakdyrýar, Öz ammarlaryndan ýeli çykarýar.
[8] Ol Müsürde ynsanlaryň we haýwanlaryň ilkinji doglanlaryny öldürdi.
[9] Eý, Müsür, Ol seniň içiňe – faraonyň, ähli hyzmatkärleriniň üstüne alamatlary, mugjyzalary ýollady.
[10] Ol köp milletleri gyrdy, güýçli patyşalary öldürdi:
[11] amorlaryň patyşasy Sihony, başanlaryň patyşasy Ogy we ähli Kengan şalyklaryny.
[12] Olaryň topragyny miras hökmünde, saýlama mülk hökmünde Öz ysraýyl halkyna berdi.
[13] Ýa Reb, Seniň adyň ebedi, ýa Reb, Sen ýatlanarsyň asyrlarboýy.
[14] Reb Öz halkyny hakly çykarar, Öz bendelerine rehim-şepagat eder.
[15] Milletleriň butlary kümüş-tylladyr, olar ynsan elleriniň işidir.
[16] Olaryň agzy bar, ýöne gürlänok, gözleri bar, ýöne görenok.
[17] Gulaklary bar, ýöne eşidenok, agyzlarynda hiç bir dem hem ýok.
[18] Şolar dek bolar butlary ýasanlar, olara bil baglan ähli ynsanlar.
[19] Eý, Ysraýyl nesli, Rebbi alkyşlaň, eý, Harun nesli, Rebbi alkyşlaň.
[20] Eý, Lewi nesli, Rebbi alkyşlaň, eý, Rebden gorkýanlar, Rebbi alkyşlaň.
[21] Iýerusalimde mesgen tutan Rebbe Siondan alkyşlar bolsun! Rebbe şan-şöhrat bolsun!