Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 1:14

[1] Reb barada aýdyň, eý, ylahy barlyklar, Rebbiň şöhratlydygy, kuwwatlydygy barada aýdyň.

[2] Rebbiň adyny mynasyp şöhratlandyryň; şanly mukaddesliginde Oňa siz sežde ediň.

[3] Rebbiň sesi suwlaryň ýüzünde, Hudaýyň şöhraty gümmürdeýär, Reb ummasyz suwlardan üstündir.

[4] Rebbiň sesi kuwwatlydyr, Rebbiň sesi şan-şöhratlydyr.

[5] Rebbiň sesi kedr agaçlaryny döwýär, Reb Liwan kedrlerini owradýar.

[6] Ol Liwan dagyny göle deý, Sirýon dagyny-da ýabany öküzçe deý bökdürýär.

[7] Rebbiň sesi ýyldyrymlar çakdyrýar.

[8] Rebbiň sesi çöli sarsdyrýar, Reb Kadeş çölüni sarsdyrýar.

[9] Rebbiň sesi keýikleri guzladýar, tokaýlary ýalaňaçlaýar; Onuň ybadathanasynda hemmeler «Hudaýa şöhrat!» diýýär.

[10] Reb siliň ýokarsynda tagt gurup oturýar. Reb Şa hökmünde baky oturýar.

[11] Goý, Reb Öz halkyna güýç- -kuwwat bersin hem-de ony parahatlyk bilen ýalkasyn!

Zebur — Chapters