Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 1:47

[1] Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Üflenip çalynýan saz guralynda. Dawudyň mezmury.

[2] Ýa Reb, diňle meniň sözümi hem-de eşit meniň ahy-zarymy.

[3] Diňle perýadymyň sesini, eý, Patyşam hem-de Hudaýym, men Saňa edýändirin dilegi.

[4] Ýa Reb, meniň sesimi ertirine eşidýärsiň Sen, häzirlenip, säher bilen huzuryňda garaşýaryn men.

[5] Sen erbetligi halamaýan Hudaýsyň, Seniň huzuryňda ýaman ýaşamaz,

[6] tekepbirler Seniň gaşyňda durmaz; Sen ýigrenýärsiň betkärleriň baryny,

[7] ýok edýärsiň ýalan sözleýänleri. Ýa Reb, Sen ýigrenýärsiň ganhor bilen kezzaby.

[8] Men bolsa egsilmez sadyk söýgiň arkaly, girerin Seniň öýüňe; men Senden heder ederin, mukaddes ybadathanaňa tarap tagzym ederin.

[9] Ýa Reb, duşmanlarym zerarly, Öz adalatyňda meni ugrukdyr; dogrula Sen öňümdäki ýoluňy.

[10] Olaryň agzynda dogry söz ýokdur, olaryň ýüregi weýrançylykdyr, olaryň bogazy açyk gabyrdyr, dilleri bilen-de ýallaklaýandyr.

[11] Eý, Hudaý, olara çykar hökümi, pällerinden tapyp, ýykylsyn olar; ýazyklary üçin kowup çykar olary, çünki olar Saňa garşy baş galdyrdylar.

[12] Seni pena edinýänleriň bary şatlansyn, elmydama joşup, nagmalar aýtsyn; çünki olary goraýarsyň Sen, adyňa aşyklar Sende şat bolsun.

[13] Sen ýalkaýarsyň dogry ynsany, hoşamaýlygyň-da bolýar onuň galkany.

Zebur — Chapters