Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 2:42

[1] Ýa Reb, meni synaýarsyň we tanaýarsyň!

[2] Oturyp-turşumy Özüň bilýärsiň, pikirlerimi uzaklardan aňýarsyň.

[3] Ýöreýşimi, ýatyşymy yzarlaýarsyň, meniň ähli ýollarymy Sen tanaýarsyň.

[4] Heniz agzymdan bir söz çykmanka, ýa Reb, Sen ony eýýäm doly bilýärsiň.

[5] Yzymdan, öňümden Sen gurşaýarsyň, Sen üstüme Öz eliňi goýýarsyň.

[6] Muny bilmek meniň üçin juda ajaýyp, ol belent, men ony aňyp bilemok.

[7] Seniň Ruhuňdan nirä gideýin?! Seniň huzuryňdan nirä gaçaýyn?!

[8] Göklere galsam, ol ýerde Sen bar! Ölüler dünýäsine insem, ol ýerde Sen bar!

[9] Säheriň ganatlaryna münüp, deňziň iň uzak ýerinde çadyr gurunsam,

[10] hatda ol ýerde-de eliň ýol görkezer maňa. Seniň goluň meni söýgetlär.

[11] Diýsem: «Goý, tümlük meni büresin, meni gurşan ýagtylyk gijä öwrülsin».

[12] Seniň üçin tümlük garaňky däldir! Gije hem gündiz ýaly ýagtydyr, Seniň bilen tümlük-de ýagtylyk deýdir.

[13] Sen meniň içgoşlarymy ýaratdyň, enem göwresindekäm Sen şekil berdiň.

[14] Men Saňa öwgi aýdýaryn, çünki meni ajaýyp, täsin ýaratdyň. Ajaýypdyr Seniň işleriň, muny juda oňat bilýändir kalbym.

[15] Pynhanlykda ýaradylan mahalym, ýeriň çuňluklarynda emele gelen mahalym, Senden gizlin däldi meniň süňklerim.

[16] Heniz şekilsizkäm meni gözleriň gördi, maňa bellenilen günleriň hiç biri heniz gelmänkä, olaryň her biri Seniň kitabyňda eýýäm ýazylgy.

[17] Eý, Hudaý, pikirleriň maňa nähili eziz! Olaryň san-sajagy ýok!

[18] Eger sanaýyn diýsem, olaryň sany çägeden-de köp, olary sanap bilsedim, Sen dek ýaşardym uzak.

[19] Eý, Hudaý, erbet adamlary Sen ýok etsediň! Eý, ganhorlar, aýrylyň menden!

[20] Olar Sen barada betpällik bilen gürleýär, duşmanlaryň adyňy ýerliksiz ýere agzaýar.

[21] Ýa Reb, Seni ýigrenýänleri men ýigrenýärin, Saňa garşy baş galdyrýanlary nejis saýýaryn.

[22] Olary bütinleý men ýigrenýärin, men olary duşman saýýaryn.

[23] Eý, Hudaý, meni barla-da, ýüregimi bil! meni syna-da, pikirlerimi bil!

[24] Gör, men erbet ýoldan barýan bolmaýyn, ebedilik ýoluna meni ugrukdyr.

Zebur — Chapters