Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 0:47

[1] «Maňa ýaşlygymdan bäri köp hüjüm etdiler – – diýip, indi Ysraýyl aýtsyn. –

[2] Maňa ýaşlygymdan bäri köp hüjüm etdiler. Ýöne menden üstün çykmadylar.

[3] Sürümçiler meniň arkamy sürdüler, olar uzyn keşlerini çekdiler».

[4] Emma wepaly Reb erbetleriň tanaplaryny gyryp taşlady.

[5] Siony ýigrenýänleriň ählisi goý, utanyp, yzyna dönsün.

[6] Goý, olar üçekde gögerip, güllemänkä solýan ot kimin bolsun.

[7] Ondan orakçy gysymyny doldurmaz, desse bogýan gujagyny doldurmaz.

[8] «Çäjiňe bereket! Ömrüňe bereket!» diýip, ötegçi aýtmaz.

Zebur — Chapters