[1] Dawudyň ýatlanma dilegi
[2] Ýa Reb, gaharyňda meni ýazgarma, gazabyňda meni terbiýeleme.
[3] Çünki peýkamlaryň parran geçdi içimden, Seniň eliň agram salýar meniň üstümden.
[4] Gaharyň zerarly tenimiň abat ýeri ýok, günäm zerarly bedenimde saglyk ýok.
[5] Çünki ýazyklarym başymdan agdy, agyr ýük deý maňa agramyn saldy.
[6] Akmaklygym zerarly ýaralarym iriňledi hem-de porsady.
[7] Iki bükülip, ýere ýazyldym, men uzakly gün ýas tutup gezýän.
[8] Çünki ysytmadan doludyr bilim, bedenimiň abat ýeri galmady.
[9] Halys tapdan düşdüm, mydar galmady, ýürek yzasyndan zar-zar gygyrýan.
[10] Ýa Taňry, Saňa aýan ähli dilegim, Senden gizlin däldir meniň perýadym.
[11] Ýüregim galpyldap, ysgynym gaçdy, meniň gözlerimiň nury galmady.
[12] Dost-ýarlarym ýaralarym zerarly menden daşlaşýar, goňşularym-da menden uzakda durýar.
[13] Janymyň kastyndakylar duzak gurýarlar; meniň zelelimi gözleýänler meni ýykmak hakda gürrüň edýärler; uzakly gün hile gurmagy niýet edýärler.
[14] Men bolsa eşidip bilmeýän ker adam ýaly, gürläp bilmeýän lal ynsan ýaly.
[15] Dilsiz-agyzsyz ker kimin boldum.
[16] Çünki, ýa Reb, men Saňa intizardyryn; Sen jogap berersiň, ýa Taňry meniň Hudaýym.
[17] Diýdim: «Duşmanlarym çekýän jebrime, goý, begenmesin, ýykylmaýyn, ýagylarym, goý, öwünmesin».
[18] Çünki ýykylmaga golaýlandyryn, dyngysyz agyrym bilen ýüzbe-ýüzdürin.
[19] Men öz ýazygymy boýun alýaryn, günäm babatda hasrat çekýärin.
[20] Duşmanlarym bolsa diri hem güýçli; meni nähak ýere ýigrenýänler köpeldi.
[21] Ýagşylygyma ýamanlyk edýänler maňa duşmandyr, çünki ýagşylyga eýerýärin men.
[22] Ýa Reb, meni terk etme! Uzaklaşma menden, eý, meniň Hudaýym!
[23] Ýardam etmek üçin dadyma ýetiş, ýa, Taňry meniň Halasgärim!