Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 1:16

[1] Rebbe şan-şöhrat bolsun! Alef Men dogrularyň mejlisinde we jemagatda Bet tutuş kalbym bilen Rebbe şükür ederin. Gimel

[2] Beýikdir Rebbiň işleri, Dalet olary agtarýar bar muşdaklary. He

[3] Onuň işi dabaradan, şöhratdan doly, Waw Onuň dogrulygy dowam edýär ebedi. Zaýin

[4] Ol ýatdan çykmajak gudratly işleri etdi, Ḥet Reb merhemetli hem-de rehimli. Ṭet

[5] Ol Özünden gorkýanlara berýär rysgaly, Ýod eden ähti ýadyndadyr müdimi. Kaf

[6] Ol halkyna işleriniň gudratyny görkezdi: Lamed milletleriň mirasyny olara berdi. Mem

[7] Onuň elleriniň işleri wepaly we adalatly, Nun Onuň bar buýruklary ygtybarlydyr. Sameh

[8] Elleriniň işleri berkarar edildi asyrlarboýy, Ğaýin wepalylyk we dogrulyk olaryň binýatlary. Pe

[9] Reb Öz halkyny halas eýledi, Tsadi Öz ähtini baky buýurdy; Onuň ady mukaddes hem-de wehimli. Reş

[10] Rebden gorkmak – danalyk başy, Şin muny amal edýänleriň düşünjeleri dogry. Taw Onuň senasy dowam edýär asyrlarboýy.

Zebur — Chapters