Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 1:44

[1] Koranyň nesilleriniň nagmasy. Mezmur.

[2] Reb beýikdir, Hudaýymyzyň şäherinde, Onuň mukaddes dagynda Ol aşa şöhratlandyrylmaga mynasypdyr.

[3] Belent, gözel Sion dagy tutuş ýer ýüzüniň şatlygydyr; Sion dagy Beýik Şanyň şäheri, ol Sapon dagynyň çür başy ýalydyr.

[4] Hudaý onuň galasynda Özüni berkitme hökmünde tanadýar.

[5] Ine, patyşalar agyz birikdirdiler, bilelikde ol ýerlerden geçdiler.

[6] Olar ony görenlerinde haýran galdylar, dowla düşüp, gaçyp gitdiler.

[7] Şol ýerde sandyrama tutdy olary, dogurýan aýalyň burgusy ýaly.

[8] Gündogar ýeliň Tarşyş gämilerini çym-pytrak edişi ýaly, Sen derbi-dagyn etdiň olary.

[9] Biz şäheriň şöhratyny eşitdik, indi bolsa ony: Hökmürowan Rebbiň şäherini – Hudaýymyzyň şäherini özümiz gördük. Ol ony ebedi berkarar eder. Sela

[10] Eý, Hudaý, ybadathanaňda oýlanýarys sadyk söýgiň barada.

[11] Eý, Hudaý, Seniň adyň deý, alkyşyň-da ýeriň dört künjüne ýetýär. Seniň eliň adalatdan doludyr.

[12] Goý, Sion dagy begensin. Seniň adalatly hökümleriň hatyrasyna, Ýahudanyň gyzlary, goý, şat bolsun.

[13] Sionyň daşynda gezip, ony aýlanyň, onuň diňlerini siz sanap çykyň.

[14] Onuň içki berkitmelerine üns beriň, geljek nesle aýtmak üçin, onuň köşklerine aýlanyp çykyň.

[15] Çünki bu Hudaý şunuň ýalydyr, Ol ebedi we baky Hudaýymyzdyr; ömürboýy bize ýol görkezjek Oldur.

Zebur — Chapters