Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 2:55

[1] Ýa Reb, men Seni pena edinýärin, meni hiç haçan utanja goýma.

[2] dogrulygyň bilen meni halas et, azat et, maňa gulak goý, tiz ýetiş meniň dadyma.

[3] Elmydama meni gizläp biläýjek, mesgen tutunjak mäkäm gaýam bol. Halas bolmagymy Sen emr etdiň, çünki gaýam, berkitmäm Sensiň.

[4] Eý, Hudaýym, meni halas et erbediň elinden, adalatsyz bilen zalymyň penjelerinden.

[5] Çünki, eý, Hökmürowan Reb, umydym Sensiň, ýaşlygymdan bil baglanym Sensiň.

[6] Dünýä inenimden Saňa daýandym, Sen ejemiň göwresinden meni dünýä inderdiň; men Saňa dyngysyz alkyş aýdýaryn.

[7] Men köplere täsinlik bolup göründim, emma Sen mäkäm penamsyň.

[8] Saňa bolan alkyş düşmez dilimden, uzakly gün agzym doly şan-şöhratyňdan.

[9] Garrylyk çagymda meni taşlama, kuwwatdan düşenimde meni terk etme.

[10] Duşmanlarym men barada gürrüň edişýär, janymy aňtap, özara dil birikdirýär.

[11] Olar diýýär: «Hudaý ony taşlady, kowalap, tutuň siz ony. Ony halas etjek ýok indi».

[12] Eý, Hudaý, menden daşlaşma, eý, Hudaýym, tiz ýetiş meniň dadyma.

[13] Meniň ýagylarym utansyn, ýok bolup gitsin, maňa ýamanlygy niýet edýänler utanç bilen betnamlyga bürelsin.

[14] Men bolsa hemişe umyt baglaryn, Saňa alkyş üstüne alkyş aýdaryn.

[15] Dilim uzakly gün sözlär dogrulygyňy hem-de halas etmek üçin edýänleriňi; olaryň sany akyl ýetirerden kän.

[16] Men Hökmürowan Rebbiň gudratly güýji bilen gelerin, Seniň, diňe Seniň dogrulygyňy yglan ederin.

[17] Eý, Hudaý, ýaşlygymdan maňa terbiýe berdiň, men heniz-de gudratlaryňy beýan edýärin.

[18] Jar edýänçäm geljek nesle güýç-kuwwatyňy, indi doguljaklaryň ählisine Seniň güýjüňi, garrasam-da, başym çalarsa-da meni taşlama.

[19] Eý, Hudaý, Seniň dogrulygyň göklere ýetýär, Sen berjaý etdiň ägirt işleri. Eý, Hudaý, barmy Sen ýaly?

[20] Köp görgä, ýaman muşakgatlara meni uçratdyň, ýöne gaýtadan meni ýaşaýşa gowuşdyrarsyň, ýeriň teýinden meni ýene çykararsyň Sen.

[21] Beýgeldersiň meniň at-abraýymy, kalbyma berersiň Sen rahatlygy.

[22] Eý, Hudaýym, men arfada wepalylygyňy öwerin. Eý, Ysraýyl Mukaddesi, lirada Saňa alkyş aýdaryn.

[23] Men Saňa nagma aýdanymda, dilim, halas bolan janym şatlyk bilen gygyrar.

[24] Dilim uzakly gün dogrulygyňy aýdar, çünki maňa ýamanlygy niýet edenler masgara bolup, utanja galdy.

Zebur — Chapters