Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 1:45

[1] Rebbe täze nagma aýdyň, Rebbe nagma aýt, eý, tutuş ýer ýüzi!

[2] Rebbe nagma aýdyň, Onuň adyna alkyşlar okaň, halas edýändigini günsaýyn buşlaň.

[3] Milletlere yglan ediň şan-şöhratyny, ähli halklara – gudratly işlerini.

[4] Çünki Reb beýik, Ol belent sena mynasyp, biziň seždämize diňe Ol laýyk. Ol milletleriň hudaýlaryndan has wehimlidir.

[5] Halklaryň bar hudaýlary ýöne bir butdur, emma gökleri Reb ýaradandyr.

[6] Onuň huzuryndadyr hormat, şan-şöhrat, Onuň mekanyndadyr gözellik, kuwwat.

[7] Eý, halklaryň tireleri, Rebbi wasp ediň, Rebbiň şöhratyny, güýjüni öwüň.

[8] Rebbiň adyna laýyk şöhraty beriň, gurbanlyk getirip, howlularyna giriň.

[9] Rebbe şanly mukaddesliginde siz sežde ediň, eý, ýer ýüzündäkiler, Onuň öňünde titräň.

[10] Milletler arasynda siz şuny aýdyň: «Reb – Patyşa! Berk berkarar edildi dünýä, ol sarsmaz asla. Ol ýüz görmezden halklara kazylyk eder».

[11] Goý, gökler begensin, ýer hem şatlansyn. Deňiz we onuň içindäkileriň ählisi, goý, güwwüldeşsin.

[12] Meýdan we ondaky bar zatlar şatlykdan joşsun. Şonda tokaý agaçlary Rebbiň öňünde

[13] nagmalar aýdar, çünki Ol gelýär; Ol dünýä kazylyk etmäge gelýär. Ol dünýä dogrulyk bilen, halklara Öz wepadarlygy bilen kazylyk eder.

Zebur — Chapters