[1] Rebbe şan-şöhrat bolsun! Göklerden Rebbi şöhratlandyryň, belentliklerde Ony şöhratlandyryň!
[2] Eý, ähli perişdeleri, Ony şöhratlandyryň! Eý, ähli gögüň goşunlary, Ony şöhratlandyryň!
[3] Eý, Aý we Gün, Ony şöhratlandyryň! Eý, ähli nurly ýyldyzlar, Ony şöhratlandyryň!
[4] Eý, gökleriň gökleri, eý, gökleriň üstündäki suwlar, Ony şöhratlandyryň!
[5] Goý, olar Rebbi şöhratlandyrsyn! Çünki Ol buýurdy, olar emele geldi.
[6] Reb olary baky, müdimi berkarar etdi, hiç üýtgemejek bir parzy berdi.
[7] Eý, zeminde ýaşaýanlar, Rebbi şöhratlandyryň: eý, deňiz läheňleri, çuňluklaryň ählisi,
[8] eý, ot we doly, gar we duman, Onuň sözüni berjaý edýän tupan ýelleri,
[9] eý, daglar we baýyrlaryň ählisi, miweli agaçlar, kedr daragtlaryň ählisi,
[10] eý, haýwanlar we ähli mal-gara süýrenijiler we guşlar,
[11] eý, ýer ýüzüniň şalary, ähli halklary, şazadalar, dünýäniň ähli hökümdarlary,
[12] eý, ýaş gyzlar hem-de ýigitler, ýaşulular hem-de çagalar.
[13] Goý, olar Rebbiň adyny şöhratlandyrsyn, çünki diňe Onuň ady beýgeldilendir, Onuň şan-şöhraty ýerden-gökden belentdir.
[14] Ol Öz halkynyň kuwwatyny artdyrdy, şoňa görä, eý, Onuň ähli sadyklary, Oňa ýakyn bolan ysraýyl halky, Rebbe şan-şöhrat bolsun!