[1] Rebbe şükür ediň we sežde ediň, halklar arasynda Onuň işlerini jar ediň.
[2] Oňa nagma aýdyň, Ony şöhratlandyryň, ähli gudratly işleri barada siz gürrüň beriň.
[3] Rebbiň mukaddes ady bilen magtanyň; Ony agtarýanlaryň ýüregi şatlykdan dolsun.
[4] Rebbe, Onuň kuwwatyna sygynyň, dyngysyz Onuň huzuryny agtaryň.
[5] Eý, Rebbiň bendesi Ybraýymyň zürýady, Onuň saýlanlary – Ýakubyň nesli! Ýatlaň Onuň görkezen gudratlaryny, mugjyzalaryny, agzyndan çykan kararlaryny.
[7] Ol – Hudaýymyz Reb, Ol tutuş ýer ýüzüne kazylyk edýär.
[8] Ol ähtini, müň nesle beren sözüni, Ybraýym bilen eden ähtini, Yshaga beren Öz wadasyny elmydama ýatda saklaýar.
[10] -
[11] Diýdi: «Men size Kengan ýurduny, mirasyňyza düşen paý hökmünde bererin». Muny Ýakuba tassyklady kanun hökmünde, Ysraýyla – müdimi äht hökmünde.
[12] Şonda olar az sanlydylar, gaty az we şol ýerde gelmişekdiler.
[13] Geçýärdiler bir milletden başga millete, bir şalykdan – başga şalyga.
[14] Reb olary ezmäge hiç ýol bermedi, şolar sebäpli Ol şalara käýedi.
[15] Diýdi: «Saýlap-seçenlerime siz el degirmäň, pygamberlerime ýamanlyk etmäň».
[16] Şonda Reb ýurda açlyk düşürdi, Onuň ähli azygyny weýran eýledi.
[17] Öňlerinden bir adamy ýollady: Ýusup gul edilip satyldy.
[18] Onuň aýaklaryna zynjyr uruldy, boýny demir halka salyndy.
[19] Rebbiň aýdanlary berjaý bolýança, Onuň sözi Ýusuby synap barlady.
[20] Patyşa adam iberip, ony boşatdy, halklaryň hökümdary ony azat eýledi.
[21] -
[22] Oňa emeldarlarynyň üstünden ygtyýar berip, ýaşulularyna paýhas öwretsin diýip, Ýusuby öz öýüne hojaýyn etdi, tutuş mülküne hökümdar goýdy.
[23] Onsoň Ysraýyl Müsüre geldi, Ýakup Ham ýurdunda gelmişek bolup ýaşady.
[24] Reb Öz halkyny juda köpeltdi, olary duşmanlaryndan kuwwatly etdi.
[25] Hudaý bendeleriniň janyna kast etsinler diýip, duşmanlaryň ýüreginde Öz halkyna ýigrenç döretdi.
[26] Reb olaryň arasyna bendesi Musany we seçip-saýlan Harunyny ýollady.
[27] Olaryň arasynda görkezdiler Rebbiň alamatlaryny, Ham ýurdunda – gudratlaryny.
[28] Reb garaňky düşürdi, ýurdy garaňkyratdy, Musa bilen Harun Onuň sözünden çykyp bilmedi.
[29] Ol olaryň suwuny gana öwürdi. Olaryň balyklaryny gyryp taşlady.
[30] Müsür ýurdy, hatda şa otaglary-da, gurbagalardan dos-doly boldy.
[31] Reb buýurdy, siňek sürüsi geldi, çirkeýler tutuş ýurtlaryny doldurdy.
[32] Ol ýagyş deregine doly ýagdyrdy, tutuş ýurtlaryna ýalynly ýyldyrymlar çakdyrdy.
[33] Reb üzüm baglaryny, injir agaçlaryny urdy, ýurtlaryndaky agaçlary çym- -pytrak etdi.
[34] Ol buýurdy: çekirtgeler, san-sajaksyz ganat baglamadyk çekirtgeler hüjüm eýledi.
[35] Olar Müsürdäki ösümlikleriň baryny iýdi, topragynyň hasylyny ýuwutdy.
[36] Reb öldürdi Müsürdäki nowbaharlary – bar güýç-kuwwatlary bolan ilkinji zürýatlaryny.
[37] Soňra Ysraýyllary ol ýerden altyn-kümüşli edip çykardy, olaryň tireleriniň arasynda büdrän bolmady.
[38] Olar çykyp gaýdansoňlar Müsür begendi, çünki olar zerarly üstlerine howp- -hatar abandy.
[39] Reb örtgi hökmünde ýaýdy buludy, gije yşyk bersin diýip – alawy.
[40] Dilediler, Ol bedene iberdi, gögüň çöregini bolelin berdi.
[41] Ol gaýany ýardy, suw çogup çykdy, ol çölüstanlykda derýa deý akdy.
[42] Çünki Öz bendesi Ybraýyma beren mukaddes wadasyny Ol ýada saldy.
[43] Ol şatlyk bilen çykardy Öz halkyny, nagma bilen çykardy seçip-saýlanlaryny.
[44] -
[45] Olar Hudaýyň parzlaryny saklary ýaly, Onuň kanunlaryny berjaý ederi ýaly, başga milletleriň ýurduny olara berdi. Olar şol halklaryň ekinleriniň hasylyny ordular. Rebbe şan-şöhrat bolsun!