[1] Ýa Reb, men köňlümi Saňa göge göterýän. Bet
[2] Eý, Hudaýym, men Saňa bil baglaýan; men utanja galmaýyn; duşmanlarym menden üstün çykmasyn. Gimel
[3] Saňa intizarlar galmasynlar utanja, nähak ýere hyýanat edýänler galsyn utanja. Dalet
[4] Ýa Reb, maňa salgy ber Öz ýollaryňy hem-de öwret maňa ýodalaryňy. He
[5] Meni hakykatyňda ýöret hem maňa öwret, çünki meni halas edýän Hudaý Sen; men uzakly gün Saňa intizardyryn. Zaýin
[6] Ýa Reb, ýadyňa sal merhemetdir sadyk söýgiňi, çünki olar bardyr gadymdan bäri. Ḥet
[7] Ýatlama Sen ýaşlyk günälerimi hem-de bitabynlyk ýodalarymy. Ýa Reb, sadyk söýgiňe görä, Öz ýagşylygyň hatyrasyna ýada sal meni. Ṭet
[8] Reb ýagşy hem-de dogrudyr Ol günäkärlere Öz ýoluny öwredýär. Ýod
[9] Dogry ýola gönükdirýär göwni pesleri Öz ýoluny pespällere öwredýär. Kaf
[10] Onuň ähtiniň düzgünlerini saklaýanlara söýgi bilen sadyklykdyr Rebbiň ähli ýollary. Lamed
[11] Ýa Reb, Öz adyň hatyrasyna bagyşla Sen meniň etmişlerimi, çünki uludyr olar. Mem
[12] Rebden gorkýan ynsan bar bolsa, Reb oňa öwreder saýlamaly ýoluny. Nun
[13] Ol ýaşajakdyr bolelinlikde, ýeri miras alar onuň zürýady. Sameh
[14] Reb Öz niýetini Ondan gorkýanlara aýan eýleýär, Ol olara Öz ähtini bildirýär. Ğaýin
[15] Gözlerim mydama Rebbe garap dur, çünki Ol aýaklarymy tordan çykarar. Pe
[16] Maňa öwrül-de, merhemet eýle, çünki men ýalňyz, ezýetlidirin. Tsadi
[17] Ýüregimiň gaýgy-hasraty artdy; jebir-jepalarymdan halas et meni. Reş
[18] Muşakgatym bilen yzama seret hem-de meniň ähli günälerimi öt. Reş
[19] Gör Sen köpdügini duşmanlyrymyň, olar güýçli ýigrenç bilen ýigrenýär meni. Şin
[20] Janymy gora-da, halas et meni, utanmaýyn, çünki pena edindim Seni. Taw
[21] Kämillikdir dogrulyk meni gorasyn, çünki men Saňa intizardyryn.
[22] Eý, Hudaý, ysraýyl halkyny ähli muşakgatlardan Sen halas eýle.