[1] Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Koranyň nesilleriniň mezmury.
[2] Ýa Reb, Sen Öz ýurduňa merhemet etdiň, Ýakup halkynyň abadanlygyny ýene gaýtaryp berdiň.
[3] Öz halkyňyň etmişlerini geçirdiň, onuň ähli günälerini Sen bagyşladyň. Sela
[4] Ähli gazabyňy Sen jylawladyň, ýowuz gazabyňy Sen köşeşdirdiň.
[5] Eý, bizi halas eýleýän Hudaý, bagtyýar günlerimizi ýene-de gaýtar, bize bolan gahar-gazabyňdan el göter.
[6] Sen gaharlanjakmy bize ebedi? Nesilden-nesle geçirjekmi Öz gaharyňy?
[7] Halkyňyň Sende şatlanyp bileri ýaly, Sen bizi gaýtadan dikeltjek dälmi?
[8] Ýa Reb, bize sadyk söýgiňi görkez, Öz halas edişiňi bize peşgeş et.
[9] Diňlärin Beýik Hudaýyň aýtjaklaryny. Ol halkynyň, sadyklarynyň gaýtadan akmaklyk etmezi ýaly, olara wada berýär parahatlygy.
[10] Onuň şöhratynyň ýurdumyzda mesgen tutary ýaly, Ol Özünden gorkýanlary dogrudan-da, hemişe halas etmäge taýýar!
[11] Söýgi bilen wepadarlyk birleşer, dogrulyk parahatlyk bilen biriger.
[12] Wepadarlyk ýerden gögerer, dogrulyk-da asmandan garar.
[13] Hawa, Reb ýagşy zatlary berer, topragymyz öz hasylyny eçiler.
[14] Dogrulyk Onuň öňünden ýörär, Onuň gadamlaryna ýoly taýynlar.