Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 2:46

[1] Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Koranyň nesilleriniň maskili.

[2] Eý, Hudaý, gulagymyz bilen eşitdik; atalarymyzyň döwründe, gadym eýýamda olar bize Seniň edenleriň barada gürrüň berdiler.

[3] Milletleri kowup Öz eliň bilen, Sen atalarymyza ýer berdiň. Halklary wes-weýran edip, Sen atalarymyzy ýaýratdyň.

[4] Olar ýurdy eýelemediler gylyjy bilen, ýeňşi gazanmadylar gollary bilen – Seniň eliň, goluň, ýüzüňiň nury edendir muny; çünki Sen juda söýdüň olary.

[5] Sensiň meniň Patyşam hem-de Hudaýym. Ýakup üçin ýeňişleri Sen buýur.

[6] Duşmanlarymyzy basgylarys Seniň kuwwatyň bilen, garşydaşlarymyzy depgiläris Seniň adyň bilen.

[7] Men öz ýaýyma bil baglamaýan, meni halas etmeýär meniň gylyjym.

[8] Sensiň bizi halas eden duşmanlarymyzdan, Sensiň bizi ýigrenýänleri utanja goýan.

[9] Uzakly gün Hudaý bilen magtanýarys Seniň adyňa baky şükür ederis. Sela

[10] Ýöne indi bizi taşladyň, utanja goýduň, goşunlarymyz bilen bile gitmeýärsiň Sen.

[11] Bizi duşmandan gaçar ýaly etdiň Sen, bizi ýigrenýänler bizi talaýar.

[12] Bizi goýun kimin iýmäge berdiň, Sen milletler arasynda bizi pytratdyň.

[13] Sen Öz halkyňy haýyrsyz satdyň, olaryň bahasyndan haýyr görmediň.

[14] Goňşy halklaryň öňünde biz ýüzügara, göz-gülban etdiň, töwerek-daşa etdiň masgara.

[15] Milletleriň diline düşürdiň bizi, halklar ýaýkaýarlar bize başyny.

[16] -

[17] Myjabat ýöňkeýäniň, dil ýetirýäniň sesinden ýaňa, duşmandan we öç alýandan ýaňa, uzakly gün ryswalygym garşymda, meniň ýüzümi utanç büredi.

[18] Başymyza indi bularyň bary, ýöne unudan däldiris Seni, hyýanat etmedik Seniň ähtiňe.

[19] -

[20] Biziň ýüregimiz Senden dänmedi, ädimlerimiz Seniň ýoluňdan çykmady. Sen bolsa bizi şagallar mekanynda kül-peýekun etdiň, ölüm kölegesi bilen Sen bizi örtdüň.

[21] Eger Hudaýymyzyň adyny unudan bolsak, bir ýat taňra ellerimizi uzadan bolsak,

[22] Hudaýa aýan bolmazmydy bu? Ol bilýär-ä ýürekdäki syrlary!

[23] Biz her gün Seniň üçin öldürilýäris, biz damagy çalynjak goýun saýylýarys.

[24] Oýan, ýa Taňry, näme üçin uklaýaň? Galk Sen, bizi baky taşlama.

[25] Näme üçin Sen ýüzüňi gizleýäň, muşakgat bilen hasratymyzy unudýaň?

[26] Biz gara ýere ýazylyp gitdik, indi toprakdan galyp bilemzok.

[27] Galk-da, bize kömek et, sadyk söýgiň hatyrasyna bizi halas et.

Zebur — Chapters