Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 1:46

[1] Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Gititde. Asafyň mezmury.

[2] Kuwwatymyz bolan Hudaýa nagmalar aýdyň, Ýakubyň Hudaýyna joşup heşelle kakyň.

[3] Mukama başlaň: deprek, hoş owazly lirany, arfany çalyň.

[4] Täze Aý, dolan Aý wagtynda, baýram günümizde surnaýlar çalyň.

[5] Çünki bu – Ysraýylyň parzlary, Ýakup Hudaýynyň beren adalatly hökümleri.

[6] Ýusup nesli Müsürden çykyp gaýdanda, Hudaý muny oňa düzgün hökmünde berdi. Men bir nätanyş diliň owazyny eşitdim:

[7] «Men gerşiňi dyndyrdym ýükden, seniň elleriň halas boldy sebetden.

[8] Muşakgat içinde çagyrdyň, seni halas eýledim, gök gürrüldisinden Men jogap berdim. Meribanyň boýunda seni synadym. Sela

[9] Diňle, eý, halkym, habardar edeýin seni: eý, Ysraýyl, wah, diňlän bolsadyň Meni!

[10] Ýat hudaý araňyzda bolmasyn, keseki hudaýa sežde etmegin.

[11] Men – Reb, seniň Hudaýyň, çykardym Men seni Müsür ýurdundan. Agzyňy giňden aç, ony dolduraýyn.

[12] Emma halkym sesime gulak asmady, Ysraýyl Maňa tabyn bolmady.

[13] Şonuň üçin niýetlerine görä ýaşasyn diýip, Men olary kesir ýüreklerine tabşyrdym.

[14] Wah, halkym Maňa gulak asan bolsady! Ysraýyl Meniň ýolumdan ýörän bolsady!

[15] Şonda tiz boýun egdirerdim ýagylaryny, duşmanlaryna gönükdirerdim Men Öz elimi.

[16] Rebbi ýigrenýänler oňa ýalym-‑ýulum ederdi, kysmatlary ebedi dowam ederdi.

[17] Men oňa saýlama bugdaý iýdirerdim, gaýadan akan bal bilen ony doýrardym».

Zebur — Chapters