Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 1:19

[1] Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Heläk etme» äheňinde aýdylýan. Asafyň mezmury. Nagma.

[2] Eý, Hudaý, Saňa şükür edýäris, Sen Öz barlygyňy aýan edýäň, şükür edýäris, Biz Seniň gudratlaryň hakda aýdýarys.

[3] Diýýärsiň: «Öz bellän wagtym gelende, ýüz görmezlik bilen höküm çykararyn Men.

[4] Ýer we onuň ilaty titrän wagtynda, Mendirin onuň direglerini berkiden» Sela

[5] Öwünjeňlere: «Öwünmäň» diýýän, erbetlere: «Güýjüňize daýanmaň» diýýän.

[6] Siz öz kuwwatyňyza magtanmaň, ýeňsäňizi dim-dik tutup gürlemäň.

[7] Çünki ýeňiş ne gündogardan, ne günbatardan, ne-de çöldendir.

[8] Kazylyk edýän diňe Hudaýdyr, birini peseldip, birini beýgeldýän Oldur.

[9] Çünki käse Rebbiň elinde, ol güýçli garylyp, köpükleýän şerapdan doly. Reb gazaby we şeraby käseden guýar: ýer ýüzüniň ähli erbetleri, ony löderesine çenli içerler.

[10] Men bolsa elmydama beýan ederin, Ýakubyň Hudaýyna nagma aýdaryn.

[11] Ol erbetleriň ähli kuwwatyny syndyrar, dogrularyň kuwwatyny bolsa Ol belende galdyrar.

Zebur — Chapters