[1] Hudaýyň adamy Musanyň dogasy
[2] Ýa Taňry, mesgenimiz bolduň nesillerboýy.
[3] Daglar emele gelmezden ozal, topragy, älem-jahany ýaratmazyňdan ozal, ezelden ebedä çenli bolan Hudaý – Sen.
[4] «Eý, adam ogullary, dolanyň» diýip, Sen bizi topraga dolandyrýarsyň.
[5] Seniň nazaryňda müň ýyl düýnki geçen gün ýa gijäniň nobaty ýaly.
[6] Olary syryp äkidýärsiň, olar düýş ýaly, olar säher çagy bitýän ot ýaly; ol ir säherde ösüp, gülleýär, agşamyna bolsa orlup, guraýar.
[7] Seniň gaharyňdan ýaňa biz ýok bolýarys, gazabyňdan ýaňa dowla düşýäris.
[8] Sen günälerimizi goýduň öňüňde, gizlin günälerimizi – Öz gözleriňiň alnynda.
[9] Ähli günlerimiz gazabyňyň astynda geçýär, ýyllarymyz bir dem kimin soňlanyp barýar.
[10] Ýetmiş ýyl – ömrümiziň günleri, segsen ýyl – eger bolaýsak güýçli, olaryň iň ýagşysy geçýär azap bilen külpetde, basym geçýär, biz ýok bolup gidýäris.
[11] Kim Seniň gaharyňyň güýjüni bilýär? Gazabyňyň wehimine düşünýän barmy?
[12] Ýüregimiziň parasatly bolary ýaly, sanamagy öwret günlerimizi.
[13] Dolan, ýa Reb! Haçana çenli biz garaşmaly? Öz bendeleriňe et Sen rehimi!
[14] Uzakly gün şatlanyp, begener ýaly, ir säherde sadyk söýgiň bilen bizi hoşwagt eýle.
[15] Muşakgat çekdiren günleriňiň, ýamanlyk gören ýyllarymyzyň öwezini dolup, bizi şat eýle.
[16] Seniň işiň aýan bolsun bendeleriňe, şan-şöhratyň – olaryň çagalaryna.
[17] Hudaýymyz Taňryň merhemeti biz bilen bolsun. Haýyrly et ellerimiziň işini, hawa, ellerimiziň işi haýyrly bolsun!