Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 2:31

[1] Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.

[2] Men intizar bolup, Rebbe garaşdym, Ol maňa tarap eglip, perýadymy eşitdi;

[3] meni heläkçilik gorpundan, batgalyk laýyndan çykaryp aldy; aýaklarymy gaýanyň üstünde durzup, Ol meniň ädimlerimi berkitdi.

[4] Ol meniň agzymda bir täze nagma – Hudaýymyza alkyş nagmasyn goýdy; köpler muny görüp gorkarlar, hem-de Rebbe bil baglarlar.

[5] Rebbe bil baglaýan ynsan nähili bagtly! Tekepbirlere, ýalan hudaýlara ýüz bermeýän ynsan nähili bagtly!

[6] Ýa Beýik Hudaýym, Seniň bilen deňär ýaly hiç kim ýok! Seniň bize gönükdirilen gudratly işleriň, pikirleriň köpdür. Men olary wagyz edip, aýdasym gelýär, ýöne olar sanardan köpdür.

[7] Gurbanlyk bilen sadakany Sen islemediň; Sen meniň gulaklarymy açdyň; ýakma gurbanlygyny, günä gurbanlygyny talap etmediň.

[8] Şonda diýdim: «Ine, gelýärin; kitapda men barada ýazylgy.

[9] Eý, Hudaýym, islegiňi berjaý etmekden lezzet alýaryn; Seniň kanunyň hem meniň kalbymda».

[10] Uly jemagatda dogrulygyňy men wagyz etdim; Sen bilýärsiň, ýa Reb, men agzymy ýummadym.

[11] Seniň dogrulygyňy ýüregimde men ýaşyrmadym; sadyklygyň, halas edişiň barada men gürrüň berdim; uly jemagatda söýgiňi, sadyklygyňy men gizlemedim.

[12] Ýa Reb, Öz merhemetiňi menden aýama; Seniň söýgiň we sadyklygyň, goý, elmydama meni gorasyn.

[13] Çünki sansyz bela-beter meni gurşady; öz etmişlerim meniň başymdan indi; görüp bilmeýän: olar başymyň saçyndan hem kän, pagyş-para boldy meniň ýüregim.

[14] Ýa Reb, meni halas etmegi niýetiňe sal; ýa Reb, tiz ýetiş meniň dadyma.

[15] Janyma kast edýänleriň hemmesi, goý, utanja galsyn, ýüzi gyzarsyn; başyma gelen külpetlere şat bolýanlar, yzyna öwrülip, masgara bolsun.

[16] Maňa «haý, haý!» diýýänler utançlaryndan ýaňa, goý, dowla düşsün.

[17] Seni agtarýanlaryň bary Sende begenip, şadyýan bolsun; «Reb beýikdir!» diýip, halas edişiňi söýýänler dyngysyz aýtsyn.

[18] Men bolsa garyp we mätäçdirin, ýöne Taňry maňa gamhorlyk eder; Sensiň kömegim hem Halasgärim, eglenme, eý, meniň Hudaýym!

Zebur — Chapters