Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 2:58

[1] Dogrudan-da, Hudaý Ysraýyla ýüregi päk bolanlara ýagşydyr.

[2] Ýöne tas büdräpdi meniň aýaklarym, tas taýypdy meniň gadamlarym.

[3] Çünki tekepbirlere göriplik etdim: olar erbetlik edýän-de bolsa, abadan durmuşlarynyň bardygyny gördüm.

[4] Çünki olar jebir çekmeýäne meňzeýär, olaryň sagdyn, semiz bedenleri bar.

[5] Olar beýlekiler ýaly azap çekmeýär, beýlekiler ýaly kynçylyga duçar bolmaýar.

[6] Şoňa görä tekepbirlikleri boýunlaryny monjuk kimin bezeýär, zulum olary eginbaş kimin büreýär.

[7] Ýagdan ýaňa gabarýar olaryň gözi, göwün hyýallaryndan dolup- -daşýar ýüregi.

[8] Olar ýaňsylaýar, betpäl gürleýär, gopbamsyrap, zulum bilen gorkuzýar.

[9] Olaryň agyzlary göklere hüjüm eýleýär, dilleri bolsa ýerde boş zatlary ýaňraýar.

[10] Şonuň üçin Hudaý halky şolara tarap öwrülýär, olaryň gepine gulak gabardýar.

[11] Tekepbirler diýýär: «Hudaý biläýermikä? Beýik Hudaý mundan habarlymyka?»

[12] Ine, tekepbirler şeýle gürleýär; olar elmydama gaýgysyz-gamsyz, öz baýlygyny artdyrýandyrlar.

[13] Men biderek ýere kalbymy päk saklapdyryn, günä etmekden saklanypdyryn.

[14] Çünki uzakly gün kynçylyga sezewar boldum, her säherde men ejir çekdim.

[15] «Men hem şolar ýaly gürlejek» diýen bolsadym, onda Hudaýyň halkynyň öňünde dönük bolardym.

[16] -

[17] Muňa akyl ýetirjek bolup pikire batdym, emma tä Hudaýyň mukaddes öýüne girýänçäm, bu maňa juda kyn bolup göründi. Şondan soň erbetleriň soňuna düşünip galdym.

[18] Dogrudan-da, Sen sürçek ýerlerde goýduň olary, harabalyga düşer ýaly etdiň olary.

[19] Olar bir salymda wes-weýran boldy, wehimden ýaňa ýok bolup gitdi!

[20] Eý, Taňry Sen peýda bolan wagtyňda, düýş görüp oýanylan pursatdaky deý, puja çykararsyň hyýallaryny.

[21] Kalbym hasratdan ýaňa dolup-daşanda, ýüregim sanjym-sanjym bolanda,

[22] nadan bolup, düşünmändirin, haýwan kimin bolupdyryn Seniň öňüňde.

[23] Ýöne şonda-da mydama Seniň bilendirin, Sen tutýarsyň meni golumdan.

[24] Nesihatlaryň bilen maňa ýol görkezýärsiň, soňunda meni hormat bilen kabul edersiň.

[25] Meniň göklerde Senden başga kimim bar? Seniň bilen ýerde-gökde ýok mätäçligim.

[26] Tenim, ýüregim ysgyndan düşýär, ýöne Hudaý ýürek kuwwatym, baky nesibäm.

[27] Dogrudan-da, Senden uzaklaşýanlar ýok bolup gider, Özüňe biwepalyk edenleri Sen ýok edersiň.

[28] Meniň üçin bolsa Hudaýa ýakynlaşmak ýagşydyr. Men Hökmürowan Rebbi özüme pena edindim; men Onuň ähli eden işlerini yglan ederin.

Zebur — Chapters