[1] Asafyň mezmury. Nagma. Hudaý, Beýik Hudaý gürleýär, gündogardan günbatara çenli ýer ýüzüni çagyrýar.
[2] Gözelligiň naýbaşy bolan Siondan Hudaý parlaýar.
[3] Hudaýymyz gelýär, ümsüm däldir Ol: Onuň öňünde ot bar ähli zady ýalmaýan, töwereginde – güýçli gaý-tupan.
[4] Ol halkyna kazylyk etmeklik üçin Ýeri, Gögi şaýatlyga çagyrýar:
[5] «Ýygnaň ýanyma sadyklarymy – gurbanlyk arkaly äht baglaşanlarymy».
[6] Gök yglan edýär Onuň dogrulygyny, çünki kazylyk edýän – Hudaýyň Özi. Sela
[7] «Men gepläýin, sen hem diňle, eý, halkym; Mendirin Hudaýyň, seniň Hudaýyň, eý, Ysraýyl, saňa garşy şaýatlyk Men edeýin.
[8] Gurbanlyklaryň üçin Men seni ýazgarjak däl, ýakma gurbanlyklaryň dyngysyz Meniň öňümde.
[9] Maňa ne öküz gerek seniň öýüňden, ne-de erkeç – seniň agyllaryňdan.
[10] Çünki jeňňel jandarlarynyň ählisi – müňlerçe daglaryň haýwanlary Meniňki.
[11] Men bilýärin dagyň ähli guşlaryny, meýdan jandarlarynyň bary Meniňki.
[12] Eger ajyksam-da, saňa aýtmaryn, çünki dünýä hem ondaky ähli zatlar Meniňki.
[13] Öküzleriň etini iýýärinmi Men? Erkeçleriň ganyny içýärinmi Men?
[14] Sen şüküri gurbanlyk ber Hudaýa, Beýik Hudaýa beren kasamlaryňy berjaý et.
[15] Meni çagyr muşakgat günde, seni halas ederin, Maňa şöhrat aýdarsyň şonda».
[16] Emma Hudaý erbet adama şeýle diýýär: «Parzlarymy agzamaga, ähtimi diliňe almaga näme hakyň bar?
[17] Çünki Meniň terbiýämi ýigrenýärsiň sen, sözlerimi ýele sowurýarsyň sen.
[18] Bir ogryny göreňde, oňa goşulýaň, zynahorlara şärikdeş bolýaň.
[19] Ýamanlyga berdiň sen öz agzyňy, seniň diliň düzýär hile-pirimi.
[20] Sen oturyp, doganyňa garşy gepleýäň, öz ejeňiň ogluna myjabaty ýöňkeýäň.
[21] Sen bulary etdiň, Men gürlemedim, sen Maňa hem özüň ýalydyr öýtdüň. Emma Men saňa käýärin, göz alnyňda etmişleriňi goýaryn.
[22] Eý, Hudaýy unudanlar, bu barada oýlanyň, ýogsa Men sizi parça-parça ederin, sizi halas eden tapylmaz.
[23] Şükür sadakasyny berýän Meni sylaýar; Men öz ýoluny dogry tutany halas ederin».