Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 1:29

[1] Milletler arasyndaky başbozarlyk näme? Halklar nämä biderek pitne turuzýar?

[2] Rebbe we Onuň saýlanyna garşy dünýä şalary aýaga galýar; hökümdarlar birigýär we baş galdyrýar.

[3] Olar şeýle diýýär: «Sypyryp taşlalyň gandallaryny hem-de gyralyň zynjyrlaryny».

[4] Göklerde oturan Taňry olaryň üstünden gülýär hem-de olary masgaralaýar.

[5] Şonda olara gahar bilen ýüzlener, gazabynda olary eýmendirer:

[6] «Mukaddes dagym Sionda Mendirin Öz patyşamy oturdan».

[7] Patyşa: «Men Rebbiň permanyny yglan edeýin» diýýär. «Sen Meniň oglumsyň, – diýdi Ol maňa – bu gün Ataň boldum Men.

[8] Menden dile, saňa bereýin milletleri miras hökmünde, tutuş älem-jahany mülk hökmünde.

[9] Sen olary demir hasaň bilen döwersiň, küýzegäriň golçasy deý çym- -pytrak edersiň».

[10] Şeýlelikde, eý, patyşalar, paýhasly boluň; dünýä hökümdarlary, şundan habarly boluň:

[11] Rebbe gulluk ediň siz gorky bilen: hem galpyldaň, hem-de şatlanyň.

[12] Ogly öpüň, ýogsa ol gazaba müner, siz hem heläk bolarsyňyz öz ýoluňyzda, çünki tiz tutaşýar onuň gazaby. Ony pena edinýänleriň ählisi bagtly.

Zebur — Chapters