[1] Reb höküm sürýär, goý, ýer şatlansyn, hemme adalar, goý, begenişsin.
[2] Onuň daş-töweregi – bulut we tümlük, tagtynyň düýbi – dogrulyk hem-de adyllyk.
[3] Onuň öňünden ot-alaw ýöreýär, töwerekdäki duşmanlaryny ýandyrýar.
[4] Ýyldyrymlary dünýäni ýagtylandyrýar, ýer ýüzi görýär hem galpyldaýar.
[5] Daglar mum dek ereýär Rebbiň öňünde – tutuş ýer ýüzüniň Taňrysynyň öňünde.
[6] Gökler Onuň dogrulygyny jar edýär. Ähli halklar Onuň şan- -şöhratyny görýär.
[7] Biderek butlaryna magtanyp, şekillere sežde edýänler utandyrylýar. Oňa tagzym ediň, eý, ähli hudaýlar!
[8] Ýa Reb, Seniň kararlaryňy Sion eşidip, şadyýan bolýar, Ýahudanyň gyzlary hem begenýär.
[9] Ýa Reb, Sen ýer ýüzünde iň beýigisiň, ähli hudaýlardan belende çykarylansyň.
[10] Eý, Rebbi söýýänler, ýamanlygy ýigreniň! Ol sadyklarynyň janlaryny aman saklaýar, olary erbet adamyň elinden halas eýleýär.
[11] Nur dogulýar dogrular üçin, şadyýanlyk – ýüregi dogrular üçin.
[12] Eý, dogrular, Rebde şatlanyň, mukaddes adyna şükürler ediň.