Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 1:39

[1] Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Heläk etme» äheňinde aýdylýan. Dawudyň Şawuldan gowaga gaçanda aýdan mezmury.

[2] Maňa merhemet et, eý, Hudaý, maňa merhemet et, çünki meniň janym Saňa sygynýar. Men bela-beter geçip gidýänçä, Seniň ganatlaryňyň saýasynda gizlenjek.

[3] Men çagyraryn Beýik Hudaýy – men babatda niýetini berjaý edýän Hudaýy.

[4] Ol gökden kömek iberip, meni halas eder, maňa sütem edýäni utanja goýar. Hudaý söýgüsini, wepadarlygyny iberer.

[5] Men arslanlaryň arasynda, wagşy haýwanlar ýaly adamlaryň arasynda ýatyryn; olaryň dişleri naýza, ok ýaly, kesgir gylyç ýaly olaryň dili.

[6] Eý, Hudaý, göklerden-de ýokary beýgel! Tutuş ýer ýüzüne dolsun Seniň şöhratyň!

[7] Olar ädimlerime duzak gurdular – gaýgydan ýaňa bilim büküldi. Olar öňümde çukur gazdylar – ýöne özleri oňa düşdüler.

[8] Ýüregim sarsmaz, eý, Hudaý, sarsmaz ýüregim: men nagmalar aýdyp, mukam çalaryn.

[9] Oýan sen, eý, meniň ýüregim. Oýanyň, arfa hem lira! Men daňy oýararyn nagmalar bilen.

[10] Ýa Taňry, halklar arasynda Saňa şükür ederin. Milletler arasynda Saňa nagma aýdaryn.

[11] Çünki Seniň söýgiň göklere ýetýär, wepalylygyň bulutlara direýär.

[12] Eý, Hudaý, göklerden-de ýokary beýgel! Tutuş ýer ýüzüne dolsun Seniň şöhratyň!

Zebur — Chapters