Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 1:18

[1] Meni akla, ýa Reb, çünki aýypsyz gezdim, bil bagladym Rebbe, yranmaryn men.

[2] Meni barla, ýa Reb, hem meni derňe, meniň pikirlerimi, ýüregimi syna.

[3] Çünki söýgiň gözlerimiň alnynda, gezdim men Seniň sadyklygyňda.

[4] Bolgusyzlar bilen men oturmaýaryn, ikiýüzlülere ýaran bolmaýaryn.

[5] Betkärleriň üýşmeleňini ýigrenýärin; erbetleriň ýanynda oturmaryn men.

[6] Ellerimi ýuwup ýazyksyzlykda, aýlanyp gurbanlyk sypaň daşyndan, ýa Reb,

[7] Saňa şükür nagmasyny aýdýaryn; ähli gudratly işleriňi mälim edýärin.

[8] Ýa Reb, söýýärin mesgen tutan öýüňi – Seniň şöhratyňyň mesgen tutan ýaşalgasyny.

[9] Günäkärleriňki bilen bile alma meniň janymy, ganhorlaryňky bilen bile – ýaşaýyşymy.

[10] Olaryň elinde haýynlyk bardyr; gollary para-peşgeşden doludyr.

[11] Men bolsa gezýärin aýypsyzlykda, meni halas et, maňa merhemet eýle.

[12] Tekiz ýerde dur meniň aýagym, Rebbe alkyş aýtjak men jemagatda.

Zebur — Chapters