[1] Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.
[2] Ejizlere rehimli garaýan nähili bagtly! Ýaman günde Reb ony halas eder.
[3] Reb ony gorar, aman galdyrar, ýer ýüzünde oňa bagtly diýerler; Sen duşman eline ony bermersiň.
[4] Hassalyk düşeginde Reb onuň daýanjy bolar, Reb oňa bütinleý şypa berer.
[5] Men diýdim: «Ýa Reb, maňa merhemet eýle, şypa ber, çünki men günäli Seniň öňüňde».
[6] Duşmanlarym men barada erbet gürrüň edýärler. «Haçan ölüp, ady-sory ýiter?» diýýärler.
[7] Olardan biri meni görmäge gelse, ýalan sözleýär, ýüregi gybat toplaýar, daşaryk çykandan soň, ony ýaýradýar.
[8] Men barada pyşyrdaşýar meni ýigrenýänleriň bary, maňa garşy ýaman niýet edýärler.
[9] Olar: «Ol ölüm howply bela uçrady, ine, ýatyr, indi galmaz» diýýärler.
[10] Hatda duzumy iýen, bil baglan dostum maňa haýynlyk etdi.
[11] Emma Sen, ýa Reb, maňa merhemet eýle, meni dikelt, men olaryň almytyny bereýin.
[12] Duşmanlarym menden üstün çykmasa, Seniň menden hoşaldygyňy bilerin.
[13] Sen meni aýypsyzlygymda berkidýäň; Öz huzuryňda ebedilik duruzýaň.
[14] Ysraýylyň Hudaýy Rebbe alkyş bolsun ezelden ebedä çenli! Omyn! Omyn!