Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:54

[1] Rebbe alkyş aýt, eý, meniň janym! Sen nähili beýik, ýa Beýik Hudaýym! Şöhrata, şöwkete beslenýänsiň Sen!

[2] Sen nury don kimin geýýäň, gökleri çadyr dek gerýäň.

[3] Sen otaglaryňy suwlaryň üstünde gurýaň, bulutlary Özüňe söweş arabasy edinýäň, ýeliň ganatlaryna münüp aýlanýaň.

[4] Sen ilçileri ýeller dek edýäň, emeldarlary ot-alaw edýäň.

[5] Sen ýeri binýatlarynyň üstünde gurduň, ol sarsmaz asyrlarboýy.

[6] Sen ony çuňluklara beslediň, daglar suwlaryň astynda galdy.

[7] Suwlar Seniň käýinjiňden yza çekilýär, gürrüldiňiň sesini eşidip, gaçýar.

[8] Olar daglardan aşyp, jülgelere – Seniň olar üçin bellän ýeriňe inýär.

[9] Suwlar gaýdyp ýer ýüzüni örtmesin diýip, olar geçmesin diýip, bir serhet goýduň.

[10] Sen çeşmeleri jülgelere akdyrýaň, olar daglaryň aralaryndan akýar.

[11] Ähli meýdan haýwanlaryny hem suwa ýakýar, gulanlary suwdan gandyrýar.

[12] Gök guşlary çeşmeleriň boýnunda mesgen tutunýar, ýapraklaryň arasyndan olar saýraşýar.

[13] Sen daglary belentlikdäki mesgeniňden suwarýaň, Seniň işleriňiň miwesinden ýer kanagatlanýar.

[14] Ynsanlar, mallar toprakdan azygyny edinsin diýip, olar üçin galla, otlar ösdürýäň:

[15] ynsan kalbyny şatlandyrýan şeraby, onuň ýüzüni ýaldyradýan zeýtun ýagyny, ynsan ýüregine kuwwat berýän çöregi.

[16] Rebbiň agaçlary – Onuň oturdan Liwan kedrleri bol suwarylýar.

[17] Ol ýerde guşlar höwürtgeleýär, onuň çür başynda leglek höwürtge gurýar.

[18] Belent daglar dag geçileri üçindir, baýyrlar torsuklara penadyr.

[19] Ol möwsümleri kesgitlemek üçin Aýy ýaratdy, Gün hem öz ýaşmaly wagtyny bilýär.

[20] Gije bolýar Sen garaňky düşüreniňde, ähli jeňňel haýwanlary janlanýar şonda.

[21] Aw üçin arslanlar arlaýar, olar Hudaýdan rysklaryny dileýär.

[22] Gün dogýar, olar yza çekilýär, sürenlerine girýär-de, ýatýar;

[23] ynsan öz işine ugraýar, agşama çenli ol zähmet çekýär.

[24] Ýa Reb, Seniň işleriň neneň köpsanly! Sen olaryň baryny etdiň paýhasly, Seniň ýaradanlaryňdan ýer ýüzi doly.

[25] Ine, deňiz: ol ägirt we giň ol ýerde san-sajaksyz süýrenijiler, ululy-kiçili jandarlar bardyr.

[26] Ol ýerde gämiler ýüzýär, deňiz içre oýnasyn diýip ýaradan aždarhaň-da bar.

[27] Rysklaryny wagtynda berersiň diýip, olaryň bary Saňa garaşýar.

[28] Sen berýärsiň – olar ýygnaýar, eliňi açýarsyň – näz-nygmatdan doýýar.

[29] Sen ýüzüňi gizleýärsiň – olar howsala düşýär, janlaryny alýarsyň – olar öz topragyna dolanýar.

[30] Jan berýän demiňi iberýäň – olar ýaradylýar, Sen ýeriň ýüzüni täzeleýärsiň.

[31] Goý, Rebbiň şöhraty ebedi bolsun, Reb Öz işleri babatda şadyýan bolsun.

[32] Ol ýere seredýär, ol hem titreýär, daglara elin degirýär – olar tüteýär.

[33] Men ömürboýy Rebbe nagma aýdaryn, demim barka Hudaýyma alkyş okaryn.

[34] Meniň oýlanmalarym, goý, Onuň göwnünden tursun, çünki men Rebde şatlanýandyryn.

[35] Goý, günäliler ýer ýüzünden ýok bolsun, erbet adamlar indi asla bolmasyn. Rebbe alkyş aýt, eý, meniň janym. Rebbe şan-şöhrat bolsun!

Zebur — Chapters