Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 1:41

[1] Dawudyň mezmury. Ybadathana bagyş edilende aýdylýan nagma.

[2] Ýa Reb, Seni beýgeltjek, çünki Sen ýokary meni galdyrdyň, meni duşman gülküsine goýmadyň.

[3] Ýa Reb, Hudaýym, Saňa dat- -perýat etdim, Sen hem maňa şypaňy berdiň.

[4] Ýa Reb, Sen meniň janymy ölüler dünýäsinden çykaryp aldyň; gabra inmezim ýaly, ýaşaýyş berdiň.

[5] Eý, Rebbiň sadyklary, Oňa nagmalar aýdyň; mukaddes adyna şükürler ediň.

[6] Çünki bir salymlyk Onuň gazaby; ömürboýy dowam edýär mähribanlygy. Agşamdan daňa çenli agy ýaňlanar, ertirine bolsa şadyhorramlyk geler.

[7] Men şeýle diýdim öz rahatlygymda: «Meni asla hiç zat sarsdyrmaz».

[8] Ýa Reb, Öz hoşamaýlygyň bilen meni dag dek kuwwatly etdiň; gizlediň Sen menden ýüzüňi, şonda gorky gaplady meni.

[9] Ýa Reb, Seni çagyrdym; Taňrymdan merhemet diläp, dat-perýat etdim.

[10] Diýdim «Men ölüp, inemde gabra, munuň peýdasy bolarmy Saňa? Toprak Saňa öwgi aýdyp bilermi? Seniň wepalylygyňy beýan edermi?»

[11] Ýa Reb, meni eşit-de, merhemet eýle! Ýa Reb, Sen bol meniň kömekçim.

[12] Sen meniň ýasymy toýa öwürdiň, ýas julumy çykaryp, meni begenç lybasyna beslediň.

[13] Kalbym Saňa nagma aýtsyn, dymmasyn. Saňa baky şükür etjek, ýa Beýik Hudaýym!

Zebur — Chapters