[1] Derde batan we arzyny Rebbiň öňüne dökýän görgüliniň dogasy
[2] Ýa Reb, dogamy eşit, Saňa ýetsin meniň perýadym.
[3] Kyn günümde menden ýüzüňi sowma, gulak goý maňa, çagyran günümde maňa tizräk jogap bersene.
[4] Çünki günlerim tüsse deý ýitýär, süňklerim tutaşan odun dek ýanýar.
[5] Ýüregim ýaraly, ot dek gurady, mende çörek iýmäge ysgyn galmady.
[6] Iňňildimiň zaryndan ýaňa, meniň derim süňklerime ýapyşýar.
[7] Men çöl-beýewandaky bir hüwi ýaly, harabalykdaky bir baýguş ýaly.
[8] Gözüme asla gelmeýär uky, men üçekdäki ýalňyz guşjagaz ýaly.
[9] Uzakly gün duşmanlarym meni ýaňsylaýarlar, üstümden gülýänler adymy näletleýärler.
[10] -
[11] Seniň gahar-gazaplaryň zerarly, küli çörek kimin iýýärin, gözýaşlarym garylan içgi içýärin. Sen meni göterip, gyra taşladyň.
[12] Agşam kölegesi deý meniň günlerim, men ot kimin saralyp soldum.
[13] Sen bolsa, ýa Reb, tagtda otyrsyň baky, Seniň adyň dowam eder nesillerboýy.
[14] Sen galkarsyň, Siona rehim edersiň, çünki oňa merhemet etmek wagtydyr; ýetip geldi bellenen wagt.
[15] Seniň bendeleriň onuň daşlaryny eziz görýärler, onuň weýranlygyna haýpy gelýärler.
[16] Milletler gorkar Rebbiň adyndan, dünýä şalary gorkar Onuň şan-şöhratyndan.
[17] Sebäbi Reb Siony gaýtadan gurar, şan-şöhratynda Ol peýda bolar.
[18] Dykgat berer pukaranyň dogalaryna, äsgermezlik etmez olaryň doga-dilegne.
[19] Indi doguljaklar Rebbi şöhratlar ýaly, goý, bu geljek nesil üçin ýazgy edilsin.
[20] -
[21] Çünki tussaglaryň ahy- -zaryny eşitmek üçin, ölüme höküm edilenleri boşatmak üçin, Reb mukaddes belentliginden aşak seretdi, Ol göklerden ýere nazar aýlady.
[22] -
[23] Ol halklar, şalyklar Rebbe sežde etmäge üýşenlerinde, Sionda Rebbiň adyny, Iýerusalimde şan-şöhratyny yglan etsinler diýip, şulary etdi.
[24] Ol orta ýolda meni tapdan düşürdi, Ol meniň günlerimi gysgaltdy.
[25] Diýýärin: «Eý, meniň Hudaýym, ömrümiň ýarynda dünýäden alma. Seniň ýyllaryň dowam edýär nesillerboýy».
[26] Sen gadymyýetde ýeriň binýadyn tutduň, gökler hem Seniň elleriňiň işidir.
[27] Olar ýitip gider, Sen bolsa dowam edersiň, olar köne eginbaş kimin dargap giderler; Sen olary eginbaş kimin çalşarsyň, olar geçip giderler.
[28] Emma Seniň şol öňküligiň, soňy ýokdur Seniň ýyllaryň.
[29] Seniň bendeleriňiň çagalary asuda ýaşar, olaryň zürýatlary huzuryňda berkarar bolar.