[1] Dawudyň dogasy Ýa Reb, hakykaty eşit, perýadyma dykgat ber; hilesiz agyzdan çykýan dilegime gulak goý.
[2] Ýa Reb, Sen meni akla! goý, haklygy görsün Seniň gözleriň.
[3] Sen meniň niýetlerimi ykjam barladyň, gijäniň dowamynda meni synadyň, emma menden ýazyk tapmadyň; günäli zady aýtmazlygy ýüregime düwdüm.
[4] Ynsan işleri babatda aýtsam: Seniň buýruklaryň arkaly, zalymyň ýollaryndan men gaça durdum.
[5] Gadamlarym pugta tutdy ýodalaryňy, meniň aýaklarym taýmady.
[6] Eý, Hudaý, çagyrýan Seni, çünki Sen berersiň maňa jogaby, gulak goý-da, eşit meniň sözümi.
[7] Ýagylardan ýaňa Senden pena gözleýänleri eliň bilen halas edýän Sen, ajaýyp sadyk söýgiňi görkez.
[8] Gora meni gözüň göreji ýaly; maňa hüjüm edýän erbet adamdan, daşymy gurşaýan ganym duşmandan Öz ganatlaryňyň astynda gizle Sen meni.
[10] Olar rehim etmäge ýapýarlar ýüreklerini, ulumsylyk bilen gürleýär olaryň agzy.
[11] Olar her ädimimizi aňtap, gurşaýarlar daşymy, meni ýere urmak üçin peýleýärler pursady.
[12] Olar parçalamaga hyjuwlanýan arslan dek, buky ýerde gizlenen ýaş arslan ýaly.
[13] -
[14] Galk, ýa Reb! Garşy çyk-da, agdar olary; gylyjyň bilen janymy erbetlerden halas et, ýa Reb, Öz eliň bilen adamlardan azat et. Çünki şu dünýäde olaryň ýaşaýyş paýy. Sen boldan-bol doýrarsyň garynlaryny; çagalaryndan hoşal olaryň göwni; balalaryna galdyrar özlerinden artany.
[15] Men bolsa dogrulykda Seniň ýüzüňi görerin, oýanan wagtym didaryňdan doýaryn.