Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 1:06

[1] Men sadyklyk we adalat barada nagma aýdaryn, ýa Reb, men Saňa şatlanyp, nagma aýdaryn.

[2] Men kämillik ýolundan ýörärin. Wah, haçan gelerkäň meniň ýanyma?! Öýümde ýürek kämilliginde ýaşaryn.

[3] Göz alnymda ýaman zada men ýol bermerin, günä etmegi men ýigrenýärin, günä maňa ýanaşmaz.

[4] Ýürek azgynlygyndan daşda bolaryn, ýamanlyga şärik bolmaryn.

[5] Gizlinlikde ýakynyna töhmet atany weýran ederin, gözi ýer görmeýäne, tekepbir ýüreklä çydap bilmerin.

[6] Ýurduň sadyklarynyň maňa ýoldaş bolary ýaly, men olara mähir bilen gararyn. Meniň gullugymda kämillik ýolunda gezýänler durar.

[7] Hilegärlik edýän meň öýümde ýaşamaz, ýalan sözleýän gaşymda durmaz.

[8] Rebbiň şäherinden betkärleri kowmaklyk üçin, sähersaýyn ýurtdaky erbetleri weýran ederin.

Zebur — Chapters